03.10.2022
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijesini berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk örän netijeli häsiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän bu ählihalk çärä çagalar bagyna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli hemmeler agzybirlikde, işjeň gatnaşýarlar. Her birimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegimiz, ony gyşarnyksyz berjaý etmegimiz zerurdyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu çäräniň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi il-halkymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ynsan saglygy, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda, obadyr şäherlerde sürüjiler we pyýadalar üçin köp amatlyklary döredýän giň ýollar, köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar. Bularyň ählisi ulag gatnawlarynyň sazlaşykly bolmagyny hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Ýollaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede gurulmagy we olarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwletimiziň ulag ulgamynyň beýik ösüşlerini üpjün edýär.
Halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Sähragül AKMYRADOWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.