ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

06.10.2022

Ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek hemmeleriň borjudyr. Bu babatda geleňsizlige ýol berilmeli däldir. Ulag sürüjileri hemişe ünsli bolmalydyrlar, ýol hereketiniň bellenen düzgün-tertibine eýermelidirler. Olar hereketiň tizligini bellenen çäkden geçirmek, ozup geçmek ýaly gödek hereketleriň özleriniň hem-de töweregindäkileriň janyny howp astynda goýýandygyna düşünmelidirler. Şonuň üçinem ulaga erk edýän wagtlary hüşgärligi elden bermeli däldirler. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde sürüjiler bilen bir hatarda pyýada ýolagçylar hem eserdeň bolmalydyrlar. Pyýadalar diňe ýanýodalardan ýa-da pyýada ýodajyklardan ýöremelidirler. Olar köçäni diňe ýörite bellenen ýerlerden kesip geçmelidirler.

 

Annaberdi Bowurja­ýew, Gumdag şäher prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi