13.10.2022
Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Bu konstitusion kadalar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda öz beýanyny tapýar. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.
Arkadagly Serdarymyzyň: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýen çuň manyly sözleri bolsa, her bir ynsany ruhlandyrýar.
Çynar IMAMGULYÝEW, Türkmengala etrap prokuraturasynyň sülçisi, 3-nji derejeli ýurist.