MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÄHMIÝETI

16.10.2022

Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Her birimiziň bagtyýar geljegimiz ömrümiziň rahatlygyndan başlanýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ulag sürüjilerini taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň Düzgünnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi.

 

 

Nurmuhammet NURALYÝEW, Mary etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.