19.10.2022
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly rowaçlanýar. Garaşsyz döwletimizde öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyň çäklerinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen bähbitli işler giň gerime eýe bolýar. Raýat jemgyýetimizde il-günümiziň asudalygyny üpjün etmek adam hakdaky aladanyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde jenaýatlara. hukuk bozulmalaryna garşy aýgytly göreşiň zerurlygyny öňe çykarýar. Soňky ýyllarda bu möhüm meselede gazanylýan üstünliklere garamazdan jenaýatlaryň öňüni almak bilen bagly wezipe wajyplygyna galýar.
Dürli jenaýatlara we hukuk bozulmalaryna garşy göreşde düşündiriş we wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetinden ugur alyp, etrap prokuraturamyzyň işgärleri bu işiň talaba laýyk guralmagyny gazanýarlar. Biz etrabymyzdaky edara-kärhanalarda, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda düşündiriş çärelerini ýola goýýarys. Olara biz hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, bidüzgünçiliklerden daşda durulmagy barada giňişleýin gürrüň berýäris. Düşündiriş we wagyz-nesihat işi bolsa, abadan ertirimiziň aladasydyr.
Maksat ATADURDYÝEW, Ýolöten etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.