ENERGETIKA — YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM UGRY

31.10.2022

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň  elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň energetika pudagynyň şanly sahypalary we  mümkinçilikleri täsirli beýan edilýär. Owadan suratlar bilen bezelen bu neşirde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy dolulygyna çap edilipdir.

Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Gahryman

Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini okap, ylham alyp, döredijilikli zähmet çekmek her bir raýatyň ömrüniň manysy.

Döwletlilik ýörelgeleri bilen halkyny bagtyň gujagynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Alym Arkadagymyzyň dürdäne eserleriniň dowamaty-dowam bolsun!

 

Halymberdi MÖWLAMOW,

Balkan welaýatynyň Bereket etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.