13.03.2023
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady ösüş-özgerişli döwrümiziň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Galkynyşly döwrümiziň täze kanunlary we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edilýär. Şeýle bähbitli tagallalar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dolandyrmagyň demokratik esaslaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga itergi berýär.
Milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmeginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da möhüm wakalar bolup geçýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Şu mejlisde ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Giň wekilçil ikli mejlisde biragyzdan kabul edilen Konstitusion Kanunlar milli demokratiýamyzyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýedi ÝAZYÝEW, Wekilbazar etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.