ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA

17.03.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara uly ynamyň bildirilýän döwrüdir. Çünki Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem bu Kanunýaşlarda ruhy-ahlakgymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.

Ýaş nesliň bilim almaga, zähmet çekmäge bolan hukuklary ýurdumyzyň Esasy Kanunynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem kesgitlenilýär. Durmuş gurýan ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlar berilýär we ýaşaýyş jaýlaryny edinmekleri üçin amatly şertler döredilýär. Ýagny hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmak maksady bilen, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberi 20 müň manada çenli ýokarlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary okamaga, işlemäge, döretmäge ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Ruhubelent etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist