01.06.2023
Öwüt-nesihata, çuňňur parasata ýugrulan setirleri bilen adamzat kalbynyň şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň jemgyýete, her bir ynsana durmuşda dogry ýol görkezýän goşgulary asyrlar aşsa-da könelmän, gaýtam, ýaňy dogan Gün ýaly şöhle saçyp, ýagşylyga, haýyr işe çagyrýar. Halkymyz üçin mert bilen namardy, halal bilen haramy, haýyr bilen şeri, ýagşy bilen ýamany ölçeýän ölçeg daşyna barabar ol setirleriň köpüsi durmuş ýörelgesine, nakyllara siňip, ebedilik hemramyza öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy
Pyragynyň döredijiliginde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynda ynsan saglygynyň gymmaty, ony aýap saklamak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýändigi bolsa, şahyryň Hakdan içen zehinini subut edýän ýagdaýlaryň biridir. Magtymgulynyň goşgularynda adamyň diňe bir beden sagdynlygyny däl, eýsem, ruhy sagdynlygyny gazanmagyň möhümligi üns merkezinde saklanylýar. Şahyr ynsanyň beden hem ruhy sagdynlygy we gözelligi sazlaşanda ynsanperwer kalby döredýändigine ynanypdyr. Pyragynyň şygyrlarynda bedenterbiýäniň hem lukmançylygyň dürli tilsimleri şahyrana, düşnükli dilde, kämil derejede beýan edilýär. «Jan eglenmez» diýen goşgusynda «Kimse säher turar irden, kimse baş götermez ýerden...» diýmek bilen, irden turup hereketde bolmagyň adamyň özüni ýeňil duýmagy, şähdiniň açyk bolmagy üçin zerurdygyny ýaňzydýar. «Saglygyň gadyryn bilgil, «Hasta bolmazdan burun» diýen setirlerini alyp göreniňde-de, akyldar şahyryň häzirki döwürlerde-de uly ähmiýete eýe bolan, keselleriň öňüni almak, saglygyň gadyryny bilmek ýaly adamyň özi we jemgyýet üçin peýdaly hereketler barada durup geçip, asyrlar aşsa-da könelmeýän döredijiligi nesillere miras goýandygyna göz ýetirýärsiň. Şahyryň «Başdan dogrusy» atly şygrynda «Içer bolsa her kes şerap, «Galarmyş huşdan, dogrusy» ýa-da «Çilimkeş» atly goşgusynda «Kuwwatyň kemelder, güýjüň üzdürer, «Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar» diýen setirleri ýaramaz endikleriň ynsana ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly bolup, bu nogsanlyklaryň diňe bir adamyň saglygyna däl, eýsem, özüni alyp barşyna hem täsirini ýetirýändigini nygtaýar. Hakykatdan-da, adam ýaramaz nogsanlyklara baş goşanynda, özüniň hereketiniň dogrulygyny ýa-da nädürsligini seljermek, özüne erk etmek mümkinçiliklerine zyýan ýetýär. Netijede, jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň bozulmagyna ýa-da gaýry hukuk bozulmalara getirip biljek ýagdaýda özüni alyp barmagy mümkin. Kanunyň talabyny bozýan we jemgyýeti göz-görtele äsgermezlik bilen baglanyşykly bu hereketleriň ahyry bolsa, elbetde, kanun bozulmanyň görnüşine laýyklykda, düzgün-nyzam, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine getirip bilýär. Türkmen halkynyň özbaşdak döwleti, öz döwleti tarapyndan döredilen kada-kanuny bolmadyk, dagynyk zamanynda Magtymgulynyň öwüt-nesihat, terbiýeçilik häsiýetli, dogry ýoly salgy berýän şygyrlary, halkymyz üçin ýolgörkeziji bolan dana setirleri ýazylmadyk kanunlar ýaly arzylanyp, sarpa goýlupdyr. Bu gün türkmen halky akyldaryň arzuwlan ajap zamanyna, erkana döwranyna ýetdi. Şahyryň birleşmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlary hasyl bolup, türkmen halky öz topragynda berkarar döwletli, ynsanperwer kada-kanunly boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýada psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we raýatlaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen beýleki kanunlar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülip, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň eldegrilmesizligini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň önüp-ösen etrabyna, ýurdumyzdaky baýry ýokary okuw mekdebine, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna, ýurdumyzyň ýaşlaryny birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasyna, döwlet sylaglaryna, teatra, şaýollara we köçelere Magtymgulynyň adynyň dakylmagy, paýtagtymyzda şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy dana şahyry tirsegine galdyryp, onuň kalplara inçelik bilen aralaşyp, hakydalarda ebedilik orun alan gaýtalanmajak mirasy üçin nesilleriň baky minnetdarlygyny görkezýär. Häzirki döwürde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumy dana şahyryň hormatyna ýurdumyzda bina edilen desgalaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Köpetdagyň etegindäki belentlikde howalanyp görünýän bu toplum döredijiligine ýüzlerçe ýyllar geçse-de, häzirki wagtda-da tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň ajaýyp zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanyna öwrülip, bagy-bossanlyga beslener. Tebigy belentlikde dikilen şahyryň bürünç heýkeliniň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Bu heýkel «Magtymguly, diýip adym tutsalar» diýen dana şahyra türkmen halkynyň belent sarpasyny asyrlara we nesillere aýan eder.
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.