Metbugat neşirleri

BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGYNDA

26.10.2023

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat kitaphanasynda geçiren çärämiz hem şolaryň hatarynda mynasyp orun aldy.  «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen geçiren wagyz-nesihat çärämizde hormatly Prezidentimiziň temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Abadan jemgyýetimizde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigi, şolara her bir raýatyň öz goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtalyp, temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri barada anyk delillere salgylanylyp aýdyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy barada uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Giňişleýin
Hu­su­syýetçiligiň kanunçylyk binýady

23.10.2023

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. 

Giňişleýin
DÖW­RE ­BUÝ­SANÇ

19.10.2023

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň:­ «Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ dün­ýä­de tu­tuş ­bir ­şä­he­ri ­gu­rup, ­ulanma­ga­ ber­ýän­ döw­let­ler­ köp­ däl­dir.­ Bu­ bol­sa­ bi­ziň­ ýur­du­my­zyň­ yk­dysa­dy­ kuwwa­ty­nyň­ art­ýan­dy­gy­na,­ hü­när­men­le­ri­mi­ziň­ taý­ýar­ly­gy­nyň go­wu­dy­gy­na­ aýdyň şa­ýat­lyk ­ed­ýär»­ di­ýip­ bel­leý­şi­ ýa­ly,­ se­bit­de ­ýe­ke-täk­ «akyl­ly»­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­ni­ guranla­ryň­ hut­ türk­men­ te­le­ke­çi­le­ri­di­gi örän­ gu­wan­dy­ry­jy­dyr.­ Gahryman Arkadagymyzyň ­ýi­ti ­ze­hi­ni, ­eg­sil­mez yh­la­sy­ si­ňen ­Ar­ka­dag­ şä­he­rin­de ­alnyp­ bar­lan äh­li­ iş­le­riň­ yl­my­ esas­la­ra da­ýan­ýan­dy­gy­ny,­ ola­ryň­ tä­ze­çil­ çeme­leş­me­ler­ bi­len,­ döwre­bap­ de­reje­de­ ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­len­di­gi­ni­ bel­le­mek ge­rek.­ Ýur­du­my­zyň ­san­ly­ja­ ýylla­ryň için­de­ yk­dy­sa­dy ­we­ se­na­gat­ taý­dan öňe­ gid­ýän ­döw­let­ hök­mün­de­ özü­ni yk­rar­ et­dir­me­gi,­ hu­su­sy­ te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­nyň ­hem­ has-da ­pa­jar­la­magy­na ­uly ­şert­ dö­ret­di.­ Mu­nuň­ şeý­ledi­gi­ni ­biz­ Gahryman ­Arkadagymyz,­ Arkadagly­ Serdarymyz­ tarapyndan ýur­du­myz­da­ dur­mu­şa ­ge­çi­ril­ýän ­halk bäh­bit­li,­ döw­let­ äh­mi­ýet­li­ iş­ler­de­ hem  gö­rüp­bil­ýä­ris. ­Bu­gün­ki ­gün ­türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň­ bi­ri-bi­rin­den­ ka­şaňbi­na­lary, ­aý­na­ýa­ly ­aw­to ­ýol­la­ry,­ döwre­bap­ «akyl­ly»­ ýa­şa­ýyş­ jaý­la­ry­ny we­ beý­le­ki­ iri­tas­la­ma­la­ry ­dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ­ukyp­ly­dyk­la­ry, ­hil­ we ­tejri­be­taý­dan­ kä­mil­leş­ýän­dik­le­ri­ örän buý­san­dy­ry­jy­dyr.

Giňişleýin
Bagtyýar çagalygyň mesgeninde

16.10.2023

Dünýä jemgyýetçiligi ata Watanymyz Türkmenistany in bagtyýar çagalaryn mekany we çagalygyn arzyly arzuwlarynyn hasyl bolýan ülkesi hökmünde ykraredýär. Bagtyýar nesillerimiziň beden, aňbilim, ruhy-ahlak we durmuş taýdan kämil bolup ýetişmegi, döwrebap bilim almagy üçin bolsa Arkadagly Serdarymyz ähli şertleri üpjün edýär. Tomus paslynda mekdep okuwçylaryna sapaly dynç alyşlary, gyzykly pursatlary bilen hezil berýän paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarda bina edilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalardynç alyş-sagaldyş merkezleri hem munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik isleriniň döwletlilik ýörelgelerimiz esasynda ösdürilýändiginiň beýanydyr. Şol birwagtda hem bu isler Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirýändigine şaýatlyk edýär. Şular barada gürrüň edilende, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň dünýä nusgalyk göreldesi bolandygyny ildeşlerimiz buýsanç bilen nygtaýarlar.

Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERI— ROWAÇLYGYŇ MEKANY

12.10.2023

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Köpetdagyň eteginde, ýurdumyzyň tebigy taýdan iň gözel künjeginde göýä ertekilerdäki ýaly, ak bina lary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy nyň gudra tydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şäherde alnyp barlan ähli işler ylmy esaslara daýanmak bilen, täzeçil çemeleşmeler esasynda, döwrebap derejede ýerine ýetirildi. Bu şäherde adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi, raýatlarymyzyň müňlerçesine täze jaýly, täze işli bolmak bagty miýesser etdi.

Giňişleýin
DÖWRÜŇ TALABYNA EÝERILÝÄR

08.10.2023

Galkynyşly döwrümiziň ýyllarynda Garaşsyz, döwletimiziň ösüş-özgerişleriniň we demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde tutumly tagal- lalaryň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda rowaçlanýan düýpli özgertmeler raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürilmegine-de bähbitli täsirini ýetirýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleş- dirmegiň çäklerinde kabul edilýän täze kanunlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär.

Giňişleýin
DERWAÝYS MESELÄNIŇ ÇÖZGÜDI

04.10.2023

Garaşsyz döwletimiziň ylym-bilim ulgamynyň işi ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň çözgüdine iňňän uly ähmiýet berip, nesil terbiýesi bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagam şu günüň talaby. Türkmenistanyň “Bilim hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanunlary, Maşgala kodeksi ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen bagly meseleleriň hukuk binýadyny kesgitleýär.

Giňişleýin
RUGSATLARA BOLAN HUKUK

01.10.2023

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

Giňişleýin
GÜLLER AÇÝAN DIÝARYM

28.09.2023

Galkynyşly döwrümiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakda edilýän tagallalar rowaç alýar. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň berjaý edilmeginde tutanýerli zähmet çekýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde uly işler bitirilýär.

Giňişleýin
ÖMÜR DOWAMATYNYŇ MANYSY

25.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş- lygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleri il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Giňişleýin
YLYM — NURANA GELJEGIMIZ

22.09.2023

Ylym-bilim diýlende, ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňüňe gelýär. Ylym adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyna-da, ahlak sypatlaryna-da, sözleýşi medeniýetine-de täsirini ýetirýär. Şu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň, Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen” diýen pähimli jümlelerini ýatlasak, ýerlikli bolar. Bu setirler köňüllere barýan ylym ýolunda adamzat ogluny okamaklyga, bilmeklige, sowatly, bilimli bolmaklyga çagyryş bolup ýaňlanýar.

Giňişleýin
KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

18.09.2023

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alypbarşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzümgurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
SANLY WE «AKYLLY» TEHNOLOGIÝALARYŇ MEKANY

14.09.2023

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hemde hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýadaw­syz tagal­la­la­ryn­dan ke­ma­la ge­len Ar­ka­dag şä­he­ri san­ly tehno­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne da­ýan­ýan kä­mil şä­he­riň nusga­sy­dyr. «Akyl­ly» şä­her konsep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da gur­lan bu aja­ýyp şä­he­riň bi­na­la­ry­nyň, ýaşaýyş jaý­la­ry­nyň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edilme­gi hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gö­nük­dirilen tas­la­ma­la­ryň üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Ar­ka­dag şä­he­ri­niň «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy öň­de­bary­jy mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­net se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şy­gy­na esaslan­ýar» di­ýip bel­le­ýär. «Akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat ara­gat­na­şyk teh­nolo­gi­ýa­la­ry­na esas­lan­mak bi­len, şä­her dü­zü­mi­ni do­lan­dyr­ma­gy, ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­karlan­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Bu kon­sep­si­ýa ila­tyň dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dirýär, hä­zir­ki za­man san­ly hyzmat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni art­dyr­ýar. Şeý­le hem şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy döw­re­bap­laş­dy­ry­lan­da teh­ni­ki en­jam­la­ryň iş­leý­şi­ne we ýagda­ýy­na ze­rur bo­lan gö­zeg­çi­li­gi üp­jün ed­ýän bir­nä­çe amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýär. Ar­ka­dag şä­he­rin­de bi­na edilen des­ga­la­ryň dün­ýä­niň iň kämil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, ra­ýat­la­ryň aba­dan ýa­şaý­şy­ny ga­zan­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­retmek, oka­mak üçin äh­li şert­le­riň we müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi tä­ze şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ne­tije­li iş­le­mek­le­ri we ra­hat dur­muş­da döw­ran sür­mek­le­ri ug­run­da edilýän ala­da­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Tä­ze şä­her­de 5, 7, 9 gat­ly köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, 2 gat­ly kot­tejle­riň bir­nä­çe­si ula­nyl­ma­ga be­ril­di. «Akyl­ly» öý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peýda­la­ny­lyp gur­lan bu döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň dur­muş üpjün­çi­li­gi­niň, howp­suz­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­nyň aw­to­ma­tik we saz­laşyk­ly işi­ni üp­jün et­mek­de san­ly ul­ga­myň ga­za­nan­la­ry giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, agyz suwu­nyň we te­bi­gy ga­zyň sarp edili­şi­ni ha­sa­ba al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän şert­ler dö­re­dil­di.

Giňişleýin
DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGYŇ KEPILI

11.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň kanunçylygyny kämilleş dirmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” Kanunynda türkmen halkynyň durmuş taýdan goraglylygynyň kanunçylygy kepillendirilendir. Şu Kodeksiň 3-nji babynda pensiýalaryň görnüşleriniň kanuny kadalary bellenilýär. 14-nji maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda, Şertli pensiýa maýasy-ätiýaçlandyrylan şahslaryň başlangyç şertli pensiýa maýasynyň we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça gatançlarynyň möçberlerinden we olaryň indeksirlenilmegindenhasaplanylyp ýazylan şertli maýagirdejilerinden durýar. 2-nji bölüminde bolsa, ätiýaçlandyrylan şahslaryň şertli pensiýa maýasynyň miras bolup geçýän emläk bolup durýandygy kesgitlenen.

Giňişleýin
KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

08.09.2023

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alypbarşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzümgurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň bu kanunynyň maksatlary döwlet gullukçylarynyň hünär işlerini amala aşyrmaklary üçin olaryň umumy etiki kadalaryny we özüni alypbarşynyň düzgünlerini bellemekden, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmekden we döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşynyň ahlak-kada esaslarynyň bütewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu kanun döwlet gullukçysynyň amala aşyrýan hünär işine ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ulanmagyny, Watanyna, halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine halal gulluk etmegini, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanun döwlet gullugy çygrynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetçilik aňynda döwlet gullugyna hormat bilen garalmagy üçin esas bolup hyzmat edýär hem-de döwlet gullukçylarynyň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün edýär.

Giňişleýin