Metbugat neşirleri
JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY — BAGTYÝAR GELJEGIŇ KEPILI
05.09.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli, ruhy we ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär.
Esasy Kanunynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen kadalary ýerleşdiren döwletimiz üçin ynsan, onuň saglygy, ömri we goraglylygy ilkinji nobatda goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza baştutanlyk eden ilkinji günlerinden ýaramaz endikleriň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp bardy we bu nogsanlykdan jemgyýetimizi halas etdi.
Jemgyýetiň genofonduny halas etmek, müňlerçe hukuk bozulmalaryň we jenaýatlaryň öňüni almak diýmek. Şu ýagdaýlary nazarda tutanyňda, ýaramaz endikleriň garşysyna durlup, ýetilen sepgitleriň döwletimiz we jemgyýetimiz üçin belli bahasy ýokdur.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 7-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Ýurdumyzda ýaşlar üçin okamaga, işlemäge, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Iň gowy şertler döredilen okuw mekdepleri, sport toplumlary, dünýägaraýşyny dogry tarapa giňeltmäge internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda.
Giňişleýin
ROWAÇLANÝAN SYÝASATYŇ NETIJESI
02.09.2023
Nusgalyk şäher bolan Arkadag şäheriniň dünýä ýaňsalan açylyş dabarasy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. Döwre bap şäheriň hem-me taraplaýyn ajaýyp keşbi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän şäher gurluşyk syýasatynyň rowaçlan ýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag şäheriniň ýene bir aýratynlygyny hem ýatlamalydyrys. Jenneti mekany ýadyňa salýan bu şähere döwlet ähmiýetli şäheriň hukuk ýagdaýy Kanun esasynda ykrar edildi. Has takygyny aýtsak, şu ýylyň mart aýynda kabul edilen “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynalaýyklykda, dünýä nusgalyk döwre bap şäher üçin “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi şäherleşdir mekde uly ädim bolan döwlet ähmiýetli şäheriň döredilmegi il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Ýeri gelende, Arkadag şäheriniň “akylly”, ekologiýataýdan arassa, ýaşamaga amatly şäher bolmagy durnukly şäher ösüşiniň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Giňişleýin
ÝAŞ NESLIŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY
29.08.2023
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda geçirildi.
Giňişleýin
SAGLYKDA ÝAŞASAŇ, ÖMRÜŇ GÖZELDIR
26.08.2023
Paýhasly ata-babalarymyz durmuşda iň gymmatly baýlygyň saglykdygyny ýaňzydýan «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyryp, bize — öz nesillerine sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşamaklygy ündäpdirler. Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, nas, neşe, şerap ýaly zyýanly pişelerden gaça durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan raýatlaryň saglygyny bejerip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy berk göreş alnyp barylýar we bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanun ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär.
Hemişe halkynyň aladasyny edýän Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Giňişleýin
ADAM HUKUKLARYNYŇ KONSTITUSION BINÝADY
23.08.2023
Demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirilýär. Munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini tassyklaýar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilýär. Bu kadalar adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Bu kadalardan gözbaş alýan kanunçylyk namalary adamyň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrýar, şahsyýetiň hormatlanmagyny üpjün edýär. Şeýle ynsanperwer kadalar ýaş nesillerde hukuk medeniýetini kemala getirýär.
Giňişleýin
DÄNEÇILIGIŇ MILLI KANUNÇYLYKDAKY ORNY
20.08.2023
Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmek babatda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we häzirki wagtda hereket edýän «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary oba hojalyk ulgamyny anyk ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär.
Giňişleýin
ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIK
17.08.2023
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hukuk ösüşleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 8-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr» diýip beýan edilen ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan esas alýan «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen kadalar bolsa Arkadagly eýýamymyzda döwletimiziň raýatlarynyň sapaly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin iň kämil şertleri döredýändigini görkezýär.
Bellenilişi ýaly, bu Kanun administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär.
Giňişleýin
ZENANLARYŇ HUKUK GORAGLYLYGY
15.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň hem-de erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýlip kesgitlenilýär.«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda agzalan konstitusion ýörelge anyk kanunçylyk kadalary hem-de olary amala aşyrmagyň guramaçylyk usullary bilen üpjün edilýär.
Giňişleýin
ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞA BOLAN HUKUGYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI
12.08.2023
Her bir döwletiň häkimiýet edaralary bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bähbitlerini sazlaşykly ösdürmek, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly syýasy wezipeleri bolup, olar bu ugra gönükdirilen ýörite döwlet institutlary tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki döwürde agzalan wezipeleri durmuşa geçirýän edaralary kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda uly işler edilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi we halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi bu ugra gönükdirilen işlerde ähmiýetli orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň şu ýylyň 20-nji aprelindäki mejlisinde eden çykyşynda degişli edaralara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly üstlerine ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary döwletimizde wajyp ähmiýete eýe bolan bu edaranyň esaslanýan ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.
Giňişleýin
MAŞGALA MUKADDESLIGI GORALMALYDYR
08.08.2023
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgert- meler ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşözgerişli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Raýat jemgyýetimizde kanunlaryň hökmürowanlygynyň üpjün edilmeginde, hukuk we maşgala gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Giňişleýin
BAGTYÝAR DÖWRÜŇ HÖZIRI
05.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ynsany bezeýär, ýaşaýşymyzy gözelleşdirýär. Zähmet döwletiň ösüşleriniň kepili bolup, ýurduň öňe ilerlemegine itergi berýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, sagdyn, ruhubelent ýaşaýar. Şonuň üçin zähmete söýgi bilen çemeleşmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Belli bir käriň eýesi, öz saýlan hünäriniň ussady bolmak ynsany abraý-mertebä ýetirýär. «Hünär adamy däl-de, adam hünäri bezeýär», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, hünär ynsany goldaýar, hor etmeýär. Islendik hünärde işläniňde, edýän işiňe hormat goýmaly, ony kämilleşdirmeli, halal zähmetiň bilen abraý almaga çalyşmaly. Şeýle edilende ynsanyň il içindäki hormat-sylagy has-da artýar, döwlet derejesinde abraýy beýgelýär.
Giňişleýin
ÝAŞLAR HAKDA ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNYŇ BIRI
02.08.2023
Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Bu hukuk birnäçe kanunçylyk namalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kanunçylyk namalaryna salgylanyp bileris. Bilim ulgamyny düzgünleşdirýän esasy kanunçylyknamasy «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanunyň 4-nji maddasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim hukuklarynyň döwlet kepillikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine,diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, "bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.
Giňişleýin
BAŞ MAKSAT – HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY
30.07.2023
Ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen parasatly sözleri taryhy eýýamymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalarynda türgenleşikleri geçýän, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary guraýan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlary göreniňde, guwanjyň, buýsanjyň artýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimizde mäkäm ornaşmagy, ilkinji nobatda, iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Giňişleýin
BAGTYÝARLYGYŇ BEÝANY
27.07.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň 17 — 19-njy maý aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köpsanlysy tarapyndan zyýaraty amala aşyrdylar. Bu bolsa türkmen akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti we onuň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň şaýadydyr.
Giňişleýin
DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY
25.07.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen adamzadyň bagtyna gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz Türkmenistan iň sagdyn we bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň iň çetki obalaryny hem öz içine almak bilen bina edilen häzirki zaman mümkinçilikli sport-sagaldyş desgalary halkymyza sagdyn durmuşda, arassa we bagtyýar ýaşamagyň medeniýetini getirdi Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasynda durnukly ösüşi ilerletmekdäki umumyadamzat bähbitli parasatly tagallalary hem hut ynsanlaryň sagdyn gurşawda, medeniýetli jemgyýetde, ösen ykdysadyýetli bolçulykda bagtyýar durmuşyň hözirini görmeklerine gönükdirilendir.
Giňişleýin