Metbugat neşirleri
BAGTYÝAR DÖWRÜŇ HÖZIRI
23.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ynsany bezeýär, ýaşaýşymyzy gözelleşdirýär. Zähmet döwletiň ösüşleriniň kepili bolup, ýurduň öňe ilerlemegine itergi berýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, sagdyn, ruhubelent ýaşaýar. Şonuň üçin zähmete söýgi bilen çemeleşmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Belli bir käriň eýesi, öz saýlan hünäriniň ussady bolmak ynsany abraý-mertebä ýetirýär. «Hünär adamy däl-de, adam hünäri bezeýär», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, hünär ynsany goldaýar, hor etmeýär. Islendik hünärde işläniňde, edýän işiňe hormat goýmaly, ony kämilleşdirmeli, halal zähmetiň bilen abraý almaga çalyşmaly. Şeýle edilende ynsanyň il içindäki hormat-sylagy has-da artýar, döwlet derejesinde abraýy beýgelýär.
Giňişleýin
HUKUK DÖWLETIMIZIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI
21.07.2023
Ata Watanymyzda döredilen kämil hukuk döwleti hem-de raýat jemgyýeti sazlaşykly bir bütewi ulgamy emele getirip, ýurdumyzda syýasy durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün edýär. Biziň ýurdumyzda hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň özara baglanyşygy demokratik döwleti gurmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanda hukuk döwleti bilen raýat jemgyýetiniň sazlaşykly hereket etmeginiň birnäçe aýratynlyklarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.
Giňişleýin
SAGDYNLYGYŇ SAKASY, ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
18.07.2023
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly tutuş jemgyýetiň hem- de her bir raýatyň sagdynlygyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda binýadyny goýan ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ulgamyň kanunçylyk hem-de maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Giňişleýin
DÖWLETLI IŞLER — HALKYŇ BÄHBIDINE
15.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan taryhy işler halkymyzyň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär.
Giňişleýin
KÄMIL KONSTITUSIÝA ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
12.07.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda sözlän sözünde: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermeli» diýip nygtady. Ви babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli iş/ere aýratyn orun degişlidir
Giňişleýin
BÄHBITLI IŞE GOŞANDYMYZ
09.07.2023
Jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň rowaç alýan berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe neşekeşligiň we beýleki zyýanly endikleriň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak derwaýys meseleligine galýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygy bir tarapdan, jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň gözbaşy bolsa, ikinjiden, halkyň saglygyny goramakda netijeli ädimdir.
Giňişleýin
PAÝTAGTYMYZ – AK BAGTYMYZ
06.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Çeperçilik gözelliginiň özboluşlylygy, binagärlik sungatynyň milli öwüşginliligi, tämizligi hem täsinligi bilen görenleri özüne bendi edýän paýtagtymyz ertekilerdäki şäherlerden hem zyýada keşbe eýe bolup.ynamly hem bagtly gadamlar bilen öňe barýar. Şol gözellikleriň hatarynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» seýilgähi aýratyn orun eýeleýär. Seýilgähiň merkezindäki «Ak şäherim Aşgabat» atly ýadygärlik monumentiniň iň ýokarky böleginde ýerleşen zeýtun pudagy özüniň altyn öwüşgini bilen Aşgabadyň baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtydygyny hem-de sebitde ylalaşdyryjy merkezdigini alamatlandyrýar. Ak bagtymyz hasaplanýan paýtagtymyzda şeýle ýadygärlik toplumlarynyň, seýilgähleriň, döwrebap bina desgalaryň, köşkleriň başga-da ençemesi töweregine gözellik paýlap, görenleri haýran galdyrýar. Ýeri gelende, paýtagtymyzyň köp desgalarynyň halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek ýakymly. Baş şäherimiziň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň hatarynda beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, äpet sekiz burçluk görnüşindäki «Türkmenistan» teleradio ýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, Aşgabadyň Halkara howa menzili, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen bedewiň çeper keşbi bar.
Giňişleýin
DÖWREBAP BILIM - BAGTYÝAR GELJEK
03.07.2023
Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.
Giňişleýin
BAGTYÝARLYGYŇ ESASY
29.06.2023
Kämilleşdirilen demokratik ýörelgelere esaslanyp hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alnyp barýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň konstitusiýasy adalatlylygyň, abadançylygyň we ösüşiň kanuny
26.06.2023
Her ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Bu iki mukaddesligiň baýramynyň bilelikde toýlanylmagynda çuňňur many bar. Çünki Esasy Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyz ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki esasy gymmatlyklarydyr. Bu mukaddeslikler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Giňişleýin
ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ FORUMY
24.06.2023
Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Halkara energetika forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp, dünýä- niň meşhur habarlar gulluklarynyň birnäçesi onuň media hyzmatdaşlary bolup çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksat- namalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.
Giňişleýin
ÇÄKSIZ HORMATÝŇ EÝESI
21.06.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişiýaly, ejelerözperzentleň üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir.
Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, maşgaladaky edim-gylymlary, terbiýeçilik usullary, girim-çykymdan başy çykýan zenan hökmünde, ene hökmünde görüm-göreldesi öwrenilip, entek kän-kän kitaplar ýazylmaly, ýazylaram. Sebäbi, ene hakdaky gürrüňler soňlanmazdyr.
Giňişleýin
KONSTITUSIÝA – BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI
19.06.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen bagtyýar we eşretli geljegimize, belent sepgitlere, uly üstünliklere tarap öňe barýan Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan, pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan özygtyýarly döwletiň Esasy Капицу bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyii gü-nüni döwlet derejesinde dabaraly baýram edip belledi.
Konstitusiýa — bu kanunçylygyň kepili, raýat- laryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişi- niň, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we özgerişiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär. Konstitusiýa — döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döw- letiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlary- nyň resmi beýanydyr.
Giňişleýin
ÝAŞLAR— GELJEGI GUTUJYLAR
15.06.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň özenindäki ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ýörelgeleri bilen berk baglydyr. Ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamak, iş ýerleri bilen üpjün etmek, ýaş hünärmenleri durmuş taýdan goramak çygrynda esasy kadalar we ýörelgeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri kesgitlenilýär. Ýaş raýatlary terbiýelemek, şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertler döretmek, ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak hem-de ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri üpjün etmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler, biz — ýaşlary durmuş ösüşleriniň ýolunda ynamly we aýgytly hereket etmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesil hakynda ynsanperwer syýasaty alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR
12.06.2023
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagal- lalary bilen ýurdumyzda raýatlarymy- zyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizde adamlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, ilat arasynda dürli mazmunly wagyz-ündew, düşündiriş çäreleri alnyp barylýar. Olaryň sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmi- ýetiniň uludygyny belläp geçmek gerek.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanper- wer syýasatda halkymyzyň saglygy döw- letimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gym- matly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörel- gesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn dur- muş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, berk bedenli nesil- lerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönük- dirilendir.
Giňişleýin