Metbugat neşirleri
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
22.04.2023
Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» ady bilen geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow we beýlekiler çykyş edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda tasirli gürrüň berdiler. Sport bilen meşgullanmak. sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek. ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan maslahatlar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Giňişleýin
SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK
19.04.2023
Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde etrabyň prokuraturasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşyga etrapdaky mekdeplerden ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
«Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» şygary astynda geçen duşuşykda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Giňişleýin
KÄMIL KANUNÇYLYK — BERK BINÝAT
16.04.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy bilen, kanunçylygy hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň biziň önümizde esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa ge- çirilip başlanan özgertmeleriň bizden döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi, olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtady.
Giňişleýin
JEMGYÝETIŇ DÖREDIJILIK GÜÝJI
13.04.2023
Milli demokratiýany barha dabaralandyrýan, bütin dünýä äşgär edýän taryhy başlangyçlaryň Garaşsyz döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde,jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegini üpjün etmekde ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny buýsanç bilen bellemelidiris
Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.
Giňişleýin
DÖWLET GULLUKÇYSYNYŇ EDEBI
10.04.2023
Ata-babalarymyzyň parasatly tagallalary bilen uzak taryhyň dowamynda jemgyýetimizde kämil edep kadalary babatda kämil derejede düzgünler işlenilip düzülipdir. Häzirki wagtda ynsanyň şahsyýet bolmagyna ýardam edýän şol düzgünler her bir türkmeniň häsiýetiniň bezegine öwrüldi.
Ykbalyny Watana hyzmat etmäge baglan döwlet gullukçysynyň hem wezipe-borçlary bilen bagly işi ýerine ýetiren wagtynda özüni alyp barşynyň jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ahlak ýörelgeleriniň, kadalarynyň we düzgünleriniň ulgamy bar. Hukuk döwletimizde bu ulgamyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bolan talaplar ýokarlandyryldy. Şeýle-de onuň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin umumy etiki kadalar we özüni alyp baryş düzgünleri milli kanunçylygymyza girizildi. Şeýle kanunçylyk namalarynyň biri hem «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna ýokary talaplar jemgyýet we döwlet tarapyndan döwlet gullugyna bolan aýratyn ynamyň ýüze çykmasydyr. Elbetde, ata Watanymyza halal gulluk edip, döwlet gullukçysy adyny abraý bilen göterýän ynsanlarda, ilkinji nobatda, öz ýerine ýetirýän işine jogapkärçilik bolmalydyr. Jogapkärçilik bolan ýagdaýynda, ol ynsanyň işewür sypatlarynyň hem kämil keşbi emele gelýär, şeýle döwlet gullukçysy adamlaryň, döwletiň we jemgyýetiň uly ynamyna mynasyp bolýar. Ynam, aýratyn hem il-günüň ynamy bahasyz baýlykdyr.
Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
07.04.2023
— Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda gowaça ekilişine badalga berildi. Obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary gurulýar. Häzirki wagtda ähli welaýatlarymyzda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýetişdirilýär. Bu ugurda önümçiligiň öňkiler bilen deňeşdirilende, ep-esli artýandygy watandaşlarymyzyň çekýän halal zähmetiniň ýerine düşýändiginiň mysalydyr. Halkymyzyň bolelin durmuşy, ykdysadyýetimiziň galkynmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!
Giňişleýin
DÖWLET MAŞGALADAN BAŞLANÝAR
04.04.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan «Durmuş maşgaladan başlanýar» diýen jümlämiz bizi maşgala mukaddesligine alyp barýar.
Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Her bir maşgala öz ýerinde kiçijik döwlet bolmak bilen, ýurdumyzyň guwanjyna öwrülýär. Deňeşdirmelere salgylansak, biziň ýurdumyz maşgala jebisligini gorap saklamakda öňdäki orunlary eýeleýär. Ol hem türkmeniň asyl terbiýesinden, gözüniň göreji deýin gorap gelen milliliginden, milli däp-dessurlaryndan gelip çykýar. Türkmen gyz-gelinleri «Dogdugymdan — düşdügim» diýen ýörgünli söze eýerip, durmuşa çykyp gidensoň, diňe durmuşa çykan ýeri, gaýynlaryna hyzmaty bilen bolýar. Ol biziň ählimiz üçin buýsandyryjydyr. Çünki ol bize «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Giňişleýin
SAÝLAW — HALKYŇ ISLEGI
01.04.2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär. Saýlaw möwsüminiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly geçirmek boýunça tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saýlaw toparlary tarapyndan bu syýasy-jemgyýetçilik çärä guramaçylyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Demokratiýa, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň deňligine, olaryň erkinligine esaslanýar. Demokratiýanyň esasy maksady, jemgyýetiň dürli toparlarynyň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Demokratik döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlawlar raýat jemgyýetini ösdürmegiň bir şertidir.
Giňişleýin
HALKYŇ JEBISLIGI DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYGY
29.03.2023
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurujylary bolan halkymyz bu beýik Döwletiň mukaddesligine, eldegrilmesizligine aňryýany bilen akyl ýetirip.jebis, akýürekli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik işlerine jogapkärçilikli çemeleşip, döwrüň sesine ses goşup, Watanymyzy mundan-da belent derejelere ýetirmek ugrundaky tagallalary işjeň goldaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agzybir halkyny has netijeli ösüşlere ruhlandyrmak üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilendir. Bu kada- dan ugur alnyp, halk häkimiýetliligini has- da pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilen saýlaw ulgamynyň hereket etmegi halk häkimiýetliligi- niň pajarlamagyna gönükdirilendir.
Giňişleýin
SAGLYGYŇ GORAGYNDA
25.03.2023
10-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabine- tiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Karary esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaş- magynda 15-nji martda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çuň mazmunly şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Giňişleýin
MAKSATLARYŇ MYRAT TAPÝAN EÝÝAMY
21.03.2023
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asudalyga, ösüşlere, üstünliklere beslenen günlerinde röwşen geljegine tarap ynamly barýan Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli, döwletli tutumlara, beýik işlere şaýat bolanyňda, bir mizemez hakykata, ýagny agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlar boýy eden arzuwlaryna ýetendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.
Giňişleýin
ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA
17.03.2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara uly ynamyň bildirilýän döwrüdir. Çünki Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem bu Kanunýaşlarda ruhy-ahlakgymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.
Giňişleýin
MÖHÜM WAKANYŇ ÄHMIÝETI
13.03.2023
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady ösüş-özgerişli döwrümiziň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Galkynyşly döwrümiziň täze kanunlary we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edilýär. Şeýle bähbitli tagallalar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dolandyrmagyň demokratik esaslaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga itergi berýär.
Giňişleýin
YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI
09.03.2023
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, adamkärçilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ýörelgeleri bilen birlikde, halkara hukugynyň iň bir naýbaşy, adamzat bähbitli kadalary hem öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, öňki hereket eden Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bolmadyk, emma täze güýje giren Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynyň 4-nji böleginde: «Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir. Günälilik barada dörän şübheler inkär edilip bolmasa, aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär» diýen halkara hukugynda «Günäsizlik prizumpsiýasy» diýlip atlandyrylýan täze goşulan düzgün hem hormatly Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna düýpli ornaşdyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň kanunçylyk taýdan durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 1948-nji ýylda kabul edilen «Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan» alnan bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 34-nji maddasynda hem ornaşdyrylandyr.
Giňişleýin
MUKADDESLIGIŇ GORAGY
05.03.2023
Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» degişli Kanun kabul edildi. Bu adyň döredilmegi ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň gulluk wezipesine bolan höwesini, söýgüsini has-da artdyrdy, olary belent maksatlara, ajaýyp üstünliklere ruhlandyrdy.
Kanunçylyk nukdaýnazaryndan, her bir adam döwletiň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga we berjaý etmäge, öz üstüne alan gulluk we wezipe borçlaryny döwletimiziň ýagty geljeginiň hatyrasyna ak ýürekden ýerine ýetirmäge, Watany goramaga borçludyr. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir».
Giňişleýin