Metbugat neşirleri

SUNGATYŇ SARPASY

02.03.2023

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy medeniýet we sungat işgärleriniň Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu Karary Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa» ýaly milli medeniýetimizi we aýdym­saz sungatymyzy ösdürmegiň kämil mekdebi bolan ajaýyp eserlerinde beýan eden dürdäne nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylyşynyň hem aýdyň beýanydyr.

Giňişleýin
WATANA GULLUK — BEÝIK MERTEBE

27.02.2023

Watan her bir ynsan ogly üçin tarypyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gymmatlykdyr. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana hyzmat etmegiň mukaddesligini her bir ynsan üçin ýol ýörelge, şamçyrag edinip boljak derejede kämil beýan edýär: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgümizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan — biziň guwanjymyzdyr!». Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy eziz ýurdundan aýra düşmegiň ynsan üçin edil ruhuň bedenden aýra düşüşi ýaly ajy dertdigini goşgularynda çeper meňzetmeler arkaly has düşnükli beýan edýär.

Giňişleýin
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ARZUWLAN NESLI

24.02.2023

Halkyň ýürek islegini goşgularyna siňdiren akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň aglaba böleginiň öwüt-nesihat, terbiýeçilik häsiýetlerine eýedigi onuň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigini aňladýar. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ösüşli ýollaryň mümkinçiliklerini açdy. Berkarar döwletli bolan halkymyz şu günümiziň buýsanjy, ertirlerimiziň eýesi bolan bagtyýar ýaşlarymyzy akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän guramanyň düzüminde birleşdirdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.

Giňişleýin
DIÝARYM — KÖŇÜL KELAMYM

21.02.2023

Watan beýikdir. Biz ol beýikligi ýüreklerimizde apalap, has-da belent derejä ýetirýändiris. Watan mukaddesdir, keramatlydyr. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň­-da, ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar. Il arasynda aýdylýan «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen pähim hem guşa öz höwürtgesinden, towşana dogduk depesinden eziz ýeriň ýokdugyny nygtaýar. Şeýle dürdäne setirleri bilen pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzihalallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Şu ýoluň ýokary mekdebini üstünlikli geçen türkmen gerçekleri özleriniň watansöýüjilik, gahrymançylyk häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Watan türkmeniň hany-manydyr, genji-känidir. Watana bolan söýgiň seniň päk ýüreginden, buýsançly seriňden, jan-u-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.

Giňişleýin
WATAN DIŇE HALKY BILEN WATANDYR!

18.02.2023

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan Watan goragçylarynyň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ata Watanymyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda çekýän arassa, halal zähmeti hem-de taýsyz yhlasy bilen işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylaryň we işgärleriň ençemesine döwlet sylaglary gowşurylyp, ýokary derejeli harby atlar, hünär derejeleri berildi.

Giňişleýin
GELJEGE ROWAN KANUNLY ÝURDUM

15.02.2023

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belent maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň durnuklylygyny saklamak, jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny we tertip-düzgüni üpjün etmek ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasatlarynyň esasy özeni bolup durýar. Bu taryhy wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Konstitusiýamyzyň 1-nji maddasynda şeýle diýilýär: «Döwlet Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär». Bular, elbetde, Garaşsyz döwletimizde kanunylyk we hukuk tertibi döwletimiziň umumy syýasy gurluşynyň we işlemeginiň iň esasy başlangyjy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň sütünleýin ýörelgeleridir.

Giňişleýin
MUKADDES BORJUŇ BUÝSANJY

12.02.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji şanly senesi — Watan goragçylarynyň güni ýetip geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ygtybarly goralmagy mukaddes borç bolup, bu babatda merdana ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgä eýerilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talabyna laýyklykda pugtalandyrylýar. Harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Ajap eýýamymyzda ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemekde gaýduwsyzlygyň, nusgasy bolan ata--babalarymyzyň gymmatly mirasy asylly ýörelgedir. Çünki, geçmişde-de türkmen halky ata Watany, ene topragy gözüniň göreji deý goramagy başarypdyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek derwaýys wezipe bolup, bu işe örän uly ähmiýet berilýär. Şu meselede ýokary netije ýaşlaryň arasynda guralýan düşündiriş we wagyz-nesihat işleriniň täsirli ýola goýulmagyna bagly. Şu çäreleriň ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegi has-da uly täsir galdyrýar.

Giňişleýin
WATAN GORAGÇYLARYNA SARPA

09.02.2023

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri üçin uly mana eýedir. Watan mukaddesdir. Watany goramak, oňa gulluk we hyzmat etmek hem mukaddesdir. Bu ýörelgelere ygrarly bolan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylarydyr işgärleri berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikierine.ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitapiary harby we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin her bir ädimde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň iň ýokary orunda durýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň bu gyzyldan gymmatly jümlesi, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri Watanymyza, mähriban halkymyza päk ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Giňişleýin
DÖWLETLI DÖWRANYMYZ BAR

06.02.2023

Berkarar Watanymyzda her bir ýyl taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şan-şöhrata beslenip geçen, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ajaýyp wakalary, belent üstünlikleri bilen ýatda galyp, täze taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň üstüni ýetirdi. Geçen şanly ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýy joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenildi. Bu seneler ene topragymyza, ata Watanymyza bolan söýgimiziň we asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň baýramydyr, ata-babalarymyzyň arzuwlary siňen mukaddes toýlardyr. Şoňa görä-de, her birimiziň durmuşymyzda, ykbalymyzda iňňän uly ähmiýete we mana eýe bolan bu seneler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen şanly ýylymyzyň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.

Giňişleýin
ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ KÄMIL KANUNÇYLYGY

03.02.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi hem döwrebap kanunlaryň biridir. Bu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry, şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Ady agzalan Kodeksiň 1-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Kodeksiň 2-nji maddasynda ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygy, şeýle hem şu Kodeksden hem-de zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdygy kesgitlenendir.

Giňişleýin
NESILLERIMIZIŇ WATANÇYLYK TERBIÝESI

30.01.2023

Ata-babalarymyz ýaş nesli arassa ahlaklylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly ýörelgeler esasynda terbiýeläpdirler. Hut şoňa görä-de, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy terbiýeçilik mekdebi bar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda biz terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini utgaşykly ulanmak bilen, nesillerimiziň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Elbetde, ýaş nesle aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garap, öňde goýan maksatlaryna ýardam bermek, ýaşlaryň hakyky watançylar bolup ýetişmegini gazanmak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem Watany mertlerçe döş gerip gorapdyrlar. Mukaddes Watanyň hyzmatyna dahylly bolmak, mynasyp goşandyňy goşmak her bir ynsan üçin uly bagt hem mertebe. Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşynyň döreýşini, jemgyýetçilik gurluşyny, gatnaşyklaryny öwredýän taryh ylmy örän uly orun eýeleýär.

Giňişleýin
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

26.01.2023

Alkyş aýdýar eziz Prezidentine, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Buýsanyp ýaşaýar ýeten bagtyna, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Guýmagursak, gujurly, mert ganlydyr, Tutan oguz ýoly şöhrat-şanlydyr, Berkarar ýurt guran Gahrymanlydyr, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE EÝERIP

23.01.2023

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän kämil jemgyýeti kemala getirmek, şeýle-de möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäher geňeşliginiň mejlisler jaýynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Giňişleýin
MAŞGALA MUKADDESLIGI

20.01.2023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Maşgala — adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan asylly däp-dessurlar, edim-gylymlar, ýörelgeler bar.

Giňişleýin
ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY GELJEGIMIZIŇ ÇYRAGY

17.01.2023

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde beýan edişi ýaly, bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär.

Giňişleýin