Metbugat neşirleri

TÜRKMENISTAN — GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANYM!

08.11.2022

Adalatyň, demokratiýaň mesgeni Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym. Öňe barýar ösüşlere beslenip, Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym. Paýtagtym bar paýtagtlaryň seresi, Görenleriň ýene geler göresi, Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

04.11.2022

— Ösüşler, öňegidişlikler, ilkinji nobatda, halkymyz bilen döwlet Baştutanymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletiň ösüş depginlerine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna degişli bolan her bir meseläni üns merkezinden düşürmeýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Giňişleýin
ENERGETIKA — YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM UGRY

31.10.2022

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň energetika pudagynyň şanly sahypalary we mümkinçilikleri täsirli beýan edilýär. Owadan suratlar bilen bezelen bu neşirde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy dolulygyna çap edilipdir. Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.

Giňişleýin
MAŞGALA MIZEMEZLIGI

28.10.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ýaşulularyň, ene-mamalarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Nika gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk toplumy birnäçe esas goýujy resminamalardan durýar. Bilşimiz ýaly, döwletiň wajyp wezipesi eneligi, çagalygy, atalygy goramak, şeýle-de maşgala kömek bermek we goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýändigi, 140-njy maddasynda kanunlaryň, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýändigi göz öňünde tutulan. Maşgala gatnaşyklary babatda iki sany halkara hukuk resminamany bellemek möhüm. Bu, ilkinji nobatda, 1966-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky «Raýat we syýasy hukuklar hakynda» halkara ylalaşygydyr. Bu ylalaşygyň 23-nji maddasyna laýyklykda, maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy bölegi bolup, onuň jemgyýet hem-de döwlet tarapyndan goralmagyna hukugy bardyr.

Giňişleýin
GELJEK HAKDA ALADA

25.10.2022

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigine ünsi çekip, olara ýurdumyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny belledi. Şonuň üçin olaryň kanuny bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gurultaýda Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi ösüp gelýän nesliň hukuklarynyň giňden goralýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy. Döwrüň talabyna görä kämilleşdirilen bu kanun ýaşlaryň hukuklaryny giňeldýän maddalaryň giň toplumyny özünde jemleýändigi bilen ähmiýetlidir.

Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYŇ KEPILI

22.10.2022

Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige erkini aldyran adam ýaşyna garamazdan, saglygyny ýitirýär. Adamlaryň arasynda abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň agyr gününe sebäp bolup, ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere salýar. Hut şonuň üçinem ýokarda ýatlanlarymyza garşy göreş hemişe derwaýys wezipe bolmagynda galýar.

Giňişleýin
MÖHÜM IŞE GOŞANDYMYZ

19.10.2022

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly rowaçlanýar. Garaşsyz döwletimizde öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyň çäklerinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen bähbitli işler giň gerime eýe bolýar. Raýat jemgyýetimizde il-günümiziň asudalygyny üpjün etmek adam hakdaky aladanyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde jenaýatlara. hukuk bozulmalaryna garşy aýgytly göreşiň zerurlygyny öňe çykarýar. Soňky ýyllarda bu möhüm meselede gazanylýan üstünliklere garamazdan jenaýatlaryň öňüni almak bilen bagly wezipe wajyplygyna galýar.

Giňişleýin
MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÄHMIÝETI

16.10.2022

Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Her birimiziň bagtyýar geljegimiz ömrümiziň rahatlygyndan başlanýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Giňişleýin
HALAL ZÄHMET - BAGTA BINÝAT

13.10.2022

Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Bu konstitusion kadalar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda öz beýanyny tapýar. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin
ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

10.10.2022

Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny, rahatlygyny goramak barada edilýän aladalary her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýol hereketinde her bir raýat şahsy jogapkärçilik çekýär. Bu barada «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda anyk we aýdyň bellenilip geçilýär. Bu Kanuna laýyklykda, ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biri öz hukuklaryna dogry düşünip, howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

Giňişleýin
ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

06.10.2022

Ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek hemmeleriň borjudyr. Bu babatda geleňsizlige ýol berilmeli däldir. Ulag sürüjileri hemişe ünsli bolmalydyrlar, ýol hereketiniň bellenen düzgün-tertibine eýermelidirler. Olar hereketiň tizligini bellenen çäkden geçirmek, ozup geçmek ýaly gödek hereketleriň özleriniň hem-de töweregindäkileriň janyny howp astynda goýýandygyna düşünmelidirler. Şonuň üçinem ulaga erk edýän wagtlary hüşgärligi elden bermeli däldirler. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde sürüjiler bilen bir hatarda pyýada ýolagçylar hem eserdeň bolmalydyrlar. Pyýadalar diňe ýanýodalardan ýa-da pyýada ýodajyklardan ýöremelidirler. Olar köçäni diňe ýörite bellenen ýerlerden kesip geçmelidirler.

Giňişleýin
KÄMIL SAZLAŞYK

03.10.2022

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijesini berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk örän netijeli häsiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän bu ählihalk çärä çagalar bagyna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli hemmeler agzybirlikde, işjeň gatnaşýarlar. Her birimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegimiz, ony gyşarnyksyz berjaý etmegimiz zerurdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu çäräniň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi il-halkymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ynsan saglygy, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda, obadyr şäherlerde sürüjiler we pyýadalar üçin köp amatlyklary döredýän giň ýollar, köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar.

Giňişleýin
NAZ-NYGMATA BAÝ DIÝAR

29.09.2022

Güneşli Diýarymyz ýokuma baý ir-iýmişleriň, datly nygmatlaryň mekanydyr. Pederlerimiz sahawatly türkmen topragynda dürli ir-iýmişleri, bakja ekinlerini ýetişdirip, olardan ýokary hasyl almagy başarypdyr. Ata-babalarymy- zyň döreden daýhançylyk däplerine, ajaýyp ýörelgelerine eýerýän daýhanlarymyz bu gün dürli miweli baglary, behişdi bakja ekinlerini ýetişdiripdirler. Ak bazarlarymyzda ilata hödürlenýän dürli naz-nygmatlaryň bolçulygynyň mysalynda hem türkmen daýhanlarynyň çekýän zähmetiniň miwesine buýsanç bilen göz ýetirýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligi tarapyndan miweli baglaryň ýetişdirilişine uly üns berilýändigini, olardan ýokary hasylyň alynýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyran mahalynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna barmagy, üzümiň «Kärizek» atly görnüşiniň köpçülikleýin ýygymyna badalga bermegi biz — hukuk goraýjy işgärlerini has-da begendirdi.

Giňişleýin
WEPADARLYGYŇ BEÝIK NUSGASY

26.09.2022

Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda itşynaslygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bu ulgamyň hem kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýagny, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň beýanydyr. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen bu ugurdaky hukuk binýadydyr.

Giňişleýin
HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYK PUGTALANÝAR

23.09.2022

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine laýyklykda, sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly sebitde we bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge derwaýys goşandyny goşýar. Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu resminamanyň biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge we olara düşünmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Giňişleýin