Metbugat neşirleri

ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

20.09.2022

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygynyň goragyna gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilýän çäreler, maslahatlar Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi her birimiziň ömrümiziň goraglylygyna gönükdirilen düzgünleri yzygiderli gaýtalap, öwrenip durmagymyza ýardam edýär. Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmäge degişli dürli çäreler guralýar. Ýokary okuw mekdebimizde bu ugurdan ýörite hünärmenler bilen geçirilýän duşuşyklar biz üçin örän tasirli bolýar.

Giňişleýin
AHLAK PÄKLIGI — ZENAN MERTEBESI

17.09.2022

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ahlak päkligi — zenan mertebesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy. Duşuşykda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Öwezgeldi Akmyradowyň, Ak bugdaý etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Aýna Annamyradowanyň, şol etrabyň ýaşaýjysy Annajeren Sadykowanyň çykyşlary täsirli boldy. Çykyşlarda halkymyzyň döreden baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, zenanlara mahsus gylyk-häsiýetler, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar, maşgala mukaddesligi, zähmetsöýerlik hakdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hem-de oňa gatnaşyjy ýaş gelin-gyzlara şonuň bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Giňişleýin
AZIÝANYŇ MERJENI

14.09.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň baş şäheri gözümiziň alnynda barha özgerýär. Paýtagtymyzda milli binagärlik sungatynyň özboluşly äheňlerini we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny öz keşbinde jemleýän kaşaň ymaratlardyr desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen Aşgabadyň görki has-da artýar. Aşgabady bu gün görmäge göz, waspyny ýetirmäge şirin söz gerek. Merjen şäherimiziň çar ýanyny ak mermerli binalar, ýaşyl begresli seýilgähler bezeýär. Paýtagtymyzyň aýna ýaly şaýollary, köpugurly köprüleri, suw çüwdürimleri we beýleki täsin ymaratlary hem buýsanmaga esas döredýär. Aşgabadyň ajaýyp desgalary — belentden belent ýaşaýyş jaýlary, medeni dynç alyş seýilgähleri, söwda we hyzmat ulgamyna degişli binalary hem-de beýlekiler paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna giň amatlyklary açýar. Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan, Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan baş şäherimizde bu gün dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 23-nji awgustda dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyran mahalynda şeýle desgalaryň birnäçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi.

Giňişleýin
SANLY YKDYSADYÝET - ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

11.09.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde. ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda. söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlaryň işlerini innowasion esasda alyp barmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şolar bilen birlikde. ykdysadyýeti dolandyrmagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da ösdürilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýurtlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Giňişleýin
DERWAÝYS MESELÄNIŇ ÇÖZGÜDI

08.09.2022

Ajap eýýamymyzda neşekeşlige garşy göreş ählihalk işine öwrülip, bu ýowuz belany halkymyzyň durmuşyndan ýok etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Neşe howpunyň üzül-kesil pese gaçmagy il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Onsoňam, Garaşsyz döwletimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe neşekeşlige asla orun bolup hem bilmez. Neşäniň zyýany hakynda aýtsak, ol adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Zähmete ukyplylygyny peseldýär. Neşekeşlige ulaşan adam abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň at-abraýyny döküp, ile ryswa bolýar. Neşä erkini aldyran soňa-baka jenaýatlykly hereketlerede ýüz urup başlaýar. Şeýle hereketleriň soňy bolsa, peýdasyz puşmana getirip, demir gözenegiň aňyrsyndan garamaly edýär. Şonuň üçinem neşekeşlige garşy göreşde ýetilen sepgidi has-da berkitmek wajypdyr. Bu işde wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetine uly üns bermek döwrüň talabydyr.

Giňişleýin
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

05.09.2022

Meşhur şahyr Gara Seýitliýew goşgusynda: Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar — diýip, belläp geçýär. Türkmen halky bag ekmegi sogap we mukaddes iş hasaplaýar. Häzirki wagtda ekologiýany gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tebigy şertlerine görä, dürli görnüşli baglary ekmek we olara ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýulýar. Bag nahallarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamak işleri edara-kärhanalara degişli şitilhanalarda, şitil ýetişdirýän hojalyklarda alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy

Giňişleýin
KÄRHANANY DÖWLET BELLIGINE ALMAGYŇ ESASLARY

02.09.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda eýeçiligiň ähli görnüşleri döwlet tarapyndan goralýar we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikler döredilýär. Önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak hem-de girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti kärhana hasaplanýar. Ol esaslandyryjylaryň karary bilen döredilýär we ýuridik şahs hökmünde hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasy, tertipnamasy bolýar. Kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa-da ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak, ýeke-täk hasabyny ýöretmek we edara görnüşindäki, fiziki şahslary degişli habar bilen üpjün etmek maksady bilen, kärhanalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Giňişleýin
BUÝSANJA BESLENEN DABARA

30.08.2022

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 20-nji awgustda Bagabatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesmegi harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda yzygiderli edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Giňişleýin
WATAN MUKADDESLIGI

27.08.2022

Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da müň bir derde dermandyr. Bizi ata Watan, ene toprak bilen diňe bir göbek ganymyz däl, eýsem, topraga döken alyn derimiz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary-da birleşdirýär. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Damarynda watansöýüjilik gany aýlanan pederlerimiz Watan ugrundaky söweşlerde mertlik görkezip, gahrymançylygyň, kasama wepalylygyň, lebze ygrarlylygyň belent nusgasyny, gaýtalanmajak mekdebini nesillere miras galdyrypdyrlar. Damarynda türkmen gany aýlanýan ynsan üçin göbek ganyň daman ýeri ykbal örküjidir, onda geçmişimiz, geljegimiz bardyr. Watan türk- meniň hany-manydyr, genji-känidir. Watan diýlen ol belentlige bolan söýgiň seniň diriligiňden, buýsançly seriňden, jan-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.

Giňişleýin
ÄHLUMUMY BÄHBIDE GÖNÜKDIRILEN BAŞLANGYÇLAR

24.08.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerilýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly diňe öz çäginde ýa-da sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge goşant goşýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem döwletimiziň dünýäde ählumumy ösüşi we durnuklylygy gazanmak ugrundaky maksadyna ýetmekde ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi. Maslahata ençeme döwletleriň hem-de halkara guramalaryň wekiliýetleriniň gatnaşmaklary forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag we onuň bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan üstünliklerini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybarat bolan maksatlaryna ýetmegine we ykdysady taýdan hemmeler üçin bähbitli çözgütleri kabul etmäge, tejribe alyşmaga şert döretdi.

Giňişleýin
ENELERE DÖWLET GOLDAWYNYŇ HUKUK ESASLARY

21.08.2022

Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän ýaş nesli ösdürip ýetişdirmekde mähriban enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, 2008-nji ýylyň 3-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady döredildi we degişli Kanun bilen bu adyň Düzgünnamasy, nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar. Mynasyp terbiýelän diýip, çagalaryň beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen olaryň terbiýelenilmegine düşünilýär. Bu hormatly at Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan aýallara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar bolup durýan hem-de Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan aýallara hormatly adyň dakylýan ýylynyň birinji ýanwaryna çenli enäniň sekizinji çagasy dünýä inen we beýleki çagalary diri bolan mahalynda dakylýar.

Giňişleýin
PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ UGRY

18.08.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tutumlary esasynda Hazar deňzi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda, syýahatçylyk, ulag-logistika we ýangyç- energetika babatdaky ösüşleri bilen dünýäde parahatçylykly ösüşiň kämil tejribesini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 8-nji awgustda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp mazmun bilen baýlaşdyran şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä we sebit döw- letleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär. Hazarýaka döwletleriniň, ýagny Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmeginde

Giňişleýin
GURLUŞYK WE SENAGAT

14.08.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-7-nji awgustynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Ýerli we daşary ýurtly işewürleriň işjeň gatnaşmagynda geçen sergide bu işe ýaňy başlan täze kärhanalaryň öz mümkinçilikleri- ni görkezmegi telekeçiligi goldamak we ösdürmek babatda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän netijeli işleriň beýany boldy. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen işlerini döwrebap guramaga döwletimiz tarapyndan giň goldawlary alýan ýerli kompaniýalar häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler we şolardan netijeli peýdalanýarlar.

Giňişleýin
HALAL ZÄHMET — BAGTA BINÝAT

10.08.2022

Ynsany bezeýän gözel häsiýetleri özünde jemleýän halkymyz halal zähmeti bilen ertirlerine eýe çykjak nesillerine nusgalyk görelde görkezmegi iň dogry ýol hasaplapdyr. Halallyk, halal zähmet, halal çörek, halal ýaşamak baradaky düşünjeler dogrusynda ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlara, tymsallara, çeper aýtgylara, nakyllardyr atalar sözlerine näçe diýseň gabat gelmek bolýar. Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär.

Giňişleýin
DÖWLET GULLUGYNDA AHLAK GYMMATLYKLARY

06.08.2022

Ýurdumyzda dolandyryş işiniň kämilligi döwlet edaralarynda işleýänleriň — döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy, ahlak keşbi we işewür sypatlary, ýokary derejedäki medeniýetliligi, edepliligi bilen pugta baglanyşykly. Iş we durmuş babatda hemişe üstünlik gazanmak, oňyn netijelere ýetmek üçin döwlet gullukçysy özünde birnäçe edep-häsiýetleriterbiýelemäge borçludyr. Muňa başgaça «Döwlet gullukçysynyň etikasy» ýa-da «Döwlet gullukçysynyň edep kadalary» diýip kesgitleme berip bolar. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir. Şeýle hem Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-nji bendiniň 1-nji böleginde bellenilişi ýaly, döwlet gullukçysy döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatydyr.

Giňişleýin