14.07.2026
Her ýylda tomus möwsüminiň ilkinji günlerinde dünýäde giňden ýaýran ulag bolan welosiped bilen bagly çäreleri guramak indi adata öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle çäreleriň giň gerimde geçirilmegi biziň ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna nähili derejede möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Her ýylyň 3-nji iýunynda bu şanly sene mynasybetli dürli ýaryşlaryň, oýunlaryň we gyzykly çäreleriň geçirilip, oňa ünsüň has-da güýçlendirilmegi ýöne ýerden däldir. Ol dünýä jemgyýetçiliginiň bütin ynsanyýetiň ýagty geljegi bilen bagly meseleler baradaky aladalaryndan gözbaş alýar. Tebigaty goramak, ony has-da baýlaşdyrmak, şunuň bilen baglylykda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, geljekki nesliň ähli babatda sagdyn bolmagyny gazanmak — bularyň ählisi şu gün çözülmegini talap edýän meselelerdir.
Dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan bu meseleleriň welosiped bilen bagly taraplary hakda gürrüň etsek, ilkinji nobatda, ol häzirki wagtda ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly ýaşaýjylaryň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Ulaglaryň içinde iň ýönekeýi hem ygtybarlysy bolan welosiped ekologiýa taýdan arassa bolup, daşky gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýär.
Ony sürmek adamlaryň haýsy ýaşdadygyna garamazdan, saglyk üçin örän peýdalydyr. Welosiped sürmek bilen yzygider meşgullanylanda, onuň saglyga edýän täsiri barada adamlaryň şahsy tejribelerine, şeýle-de internet maglumatlaryna esaslanyp, şulary aýdyp bileris: myşsalaryň sazlaşykly hereket etmegi netijesinde beden çeýe hem çydamly bolýar; göwnüçökgünlilik ýagdaýy peselýär; keýpiçaglyk emele gelýär; agşamky gezelenç ukusyzlyk derdinden gutulmaga, ukynyň kadalaşmagyna kömek edýär; kaloriýanyň köp harçlanmagynyň hasabyna beden artykmaç agramdan saplanýar; gündelik birsyhly hereketiň netijesinde damarlardaky gan aýlanyşy, ýüregiň işleýşi kadalaşýar; beden öýjükleriniň kislorod bilen üpjünçiligi gowulanýar.
Welosipedli gezelenç etmek başgalar bilen tanyşmak, dostlaşmak üçin hem örän amatly şertleri döredýär. Gyzyklanmalaryň we garaýyşlaryň gabat gelmegi ýürekdeş adamlaryň sanyny artdyryp biler. Maşgala agzalarynyň bilelikde welosipedli gezelenje çykmagy bolsa ýakyn adamlary birek-birege has-da ysnyşdyrýar.
Nurmyrat HALMYRADOW,
Baýramaly etrap prokurory,
1-nji derejeli ýurist.