GALLAÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI

31.07.2026

Ak bugdaýyň gadymy mekanynda ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşmagynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp keşbi bolup ýalkym saçýar. Ýakynda ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýyň hasylynyň tabşyrylmagy 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalaryny baýlaşdyrdy.

Daýhanlarymyzyň şeýle netijeli zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryna hormatly Prezidentimiziň 17-nji iýunda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, kärendeçiniň haýyşy boýunça «Bismilla!» diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen galla oragyna ak pata bermegi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Bu şanly üstünlik gallaçy daýhanlarymyzyň döwlet harmanyna galla tabşyrmak baradaky şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine uly ynam döredýär. Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyran giň gerimli özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary netijeler bilen dowamat-dowama beslenýändigini görkezýär. Munuň özi bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan giň gerimli ösüşleriň güwäsi bolmak bilen, ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem mynasyp sowgatdyr.

Ýurdumyzda oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we ony iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, döwletiň berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde türkmen daýhanlaryna toprakdan bol hasyl alyp, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler üpjün bolýar. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary, tohum, dökün we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi türkmen gallaçylaryny ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmäge ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Ýurdumyzda obasenagat toplumynyň ösüşiniň halkara derejede ykrar edilmeginde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen bu pudagyň berk kanuny binýadynyň goýulmagynyň we onuň döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmeginiň tutýan orny uludyr.

Arkadagly eýýamymyzda kabul edilen we yzygiderli kämilleşdirilýän «Döwlet ýer kadastry hakynda», «Däneçilik hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetik gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we degişli kanunçylyk namalary oba hojalyk toplumyny okgunly ösdürmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanda däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işleriň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynda bellenilişi ýaly: «Däneli ekinleriň öndürilişi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar». Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, saklamak hem-de däne kabul edilýän we taýýarlaýan kärhanalara daşamak bolsa däneçilik babatdaky kadalaşdyryjy resminamalaryň we tehnologik kadalaryň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

2015-nji ýylda biziň ýurdumyz üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda we gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde düýpli oňyn özgertmeleriň giň gerimler bilen durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň yhlasly zähmetleriniň netijeleri bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen gymmatly nesihatlarynyň durmuş mysaly bolup görünýär.

Iň täze tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesini has baýlaşdyryp, azyk howpsuzlygynyň ygtybarly binýadyny pugtalandyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Daňatar, Abdyllaýew
Akdepe etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.