Damjasy düre deňelen

04.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak, ekinleri suwarmakda innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Suwarymly ekerançylyk babatda toplanan kämil tejribeler esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli suw hojalyk taslamalary ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça oňyn netijeleri berýär. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni üpjün edýändigini alamatlandyrýar. 1-nji iýulda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, suw — dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasy. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda her bir döwletiň bähbitleri nazara alnyp, suw serişdelerini döretmek, dikeltmek, dolandyrmak we oýlanyşykly sarp etmek babatda tagallalary birleşdirmek bolsa Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli üýtgewsiz garaýyşlarydyr. Ynsan ýaşaýşynyň ilkinji zerurlyklarynyň biri bolan suwuň her bir adama ýeterlik bolmagy babatdaky meseleler Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli öwrenilýär we bu ugurda beýik işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda 2010-njy ýylda «Agyz suwy hakynda», 2018-nji ýylyň oktýabrynda «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Suw kodeksiniň we başga-da birnäçe degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi suwy netijeli peýdalanmagyň hukuk binýadyny döretdi. Şeýle hem Milli Liderimiziň howandarlygynda gurluşygy alnyp barylýan «Altyn asyr» Türkmen köli ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen ýurdumyzyň çägindäki zeý suwlary gaýtadan işlemäge, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, şol bir wagtda, sebitiň suw gorlaryny aýawly saklamaga oňyn täsir edýär.

Goý, derýalarymyzyň suwy ýaşaýşy hemişe lälezarlyga beslesin! Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aga­my­rat Abdyllaýew, Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň pro­ku­ro­ry, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.