ÇAGALAR GELJEGIMIZ

11.09.2026

Şu günler paýtagtymyzda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka dowam edýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda - eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Bu halkara sergi-ýarmarka golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ýerde okuw üçin ähli zerurlyklary -okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri amatly bahadan satyn alyp bolýar. Däbe görä, tomsuň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde her ýyl ýaýbaňlandyrylýan mekdep bazarlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem islegiňe görä mekdep lybaslaryny, aýakgaplary, okuw torbalaryny, ýazuw depderlerini we beýlekileri saýlamaga mümkinçilik bar. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek.

Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar. Mahlasy, bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzdaky bagtyýar çagalyk aýdyň şöhlelenmesini tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleriniň agramly bölegi hem çagalara niýetlenendir.

Ýeri gelende bellesek, haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergilerini geçirmäge we lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaga pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär.

Mähriban çagalarymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Baýatgül Potyýewa,
Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň guramaçylyk işi, ýerine ýetirişe gözegçilik we statistika bölüminiň müdiri,
1-nji derejeli ýurist.