ÜSTÜNLIKLERIŇ NURLY ÝALKYMY

02.10.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň keşbi bolup, ýalkym saçýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşynda: «Häzirki döwürde koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde häzirki zaman lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýarlar. Biz muňa öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak üçin geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýarys» diýip, «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerine mynasyp baha berdi. Bu çykyş lukmançylyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäherindäki «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän önümleri ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy bilen halkara derejede ykrar edilýär.

2024-nji ýylda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnyp, haryt nyşanlarynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy ägirt uly ösüşdir. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň sentýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri «Ýylyň önümi» atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp boldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýyş serişdeleriniň, çaga iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa önümleriniň hil derejesiniň ykrar edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy we ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda tutumly maksatlary amala aşyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Merdan Hommatmyradow, Mary welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.