Metbugat neşirleri

HALK MASLAHATY: jebislik, agzybirlik we aýanlyk

26.09.2024

Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Giňişleýin
HALK — DÖWLET HÄKIMIÝETINIŇ GÖZBAŞY

24.09.2024

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeketäk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Giňişleýin
DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ZAMANASY

22.09.2024

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.

Giňişleýin
«DÖWLET GUŞUNDA» PYRAGYNYŇ KEŞBI

20.09.2024

Mil­li ­Li­de­ri­mi­ziň­ «Döw­let­gu­şy» ­ro­manyn­da ­özü­niň ­mäh­riban­ kyb­la­sy ­Mä­lik­guly Berdimuhamedowyň öm­rü­niň­ di­ňe ­bir ­ýarym­ ýy­ly­ny ­— ­ur­şa gi­den ­ka­ka­syn­dan maş­ga­la­ ga­ra­ma­tyny ­ger­de­ni­ne ­alyp, ­ol ýü­ki ­en­tek ­ça­ga­dy­gy­na ­ga­ramaz­dan, ­mer­di­mer­da­nalyk­ bi­len ­çe­ken döw­rü­ni­ su­rat­lan­dyr­ýar. Romanda türkmeniň buýsanjy Magtymguly Pyragynyň beýik şygyrlarynyň —ölmez-­öçmez ruhy bilen ýaş Mälikgulynyň ýüregine medet, penakär, söýenç bolşy, ýaşdygyna garamazdan, garadan gaýtmaz, merdana Mälikgulynyň bolsa özüniň agramly sözleri, juwan kalbyndan çykýan şygyrlary, arassa ýüregi, gara güýji bilen il­-gününe hemaýatkär, goldaw bolandygy baradaky hakykat açylyp görkezilýär.

Giňişleýin
ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK ESASLARY

18.09.2024

Zähmet çekmäge bolan hukuk her bir raýatyň konstitusion hukugydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr.

Giňişleýin
TÜRKMENISTAN — AK BUGDAÝYŇ MEKANY

16.09.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan netijeli işler täze üstünlikler bilen ilerleýär. Ak bugdaýyň gadymy mekanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýetişdiren bol galla hasyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbidir.

Giňişleýin
TÜRKMENIŇ BUÝSANJYNA ÖWRÜLEN ŞAHYR

14.09.2024

Ge­çen şan­ly ýyl­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň go­ja­man Kö­pet­da­gyň ete­gin­de Mag­tymgu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li­niň öňün­de okan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly goş­gu­sy akyl­dar şa­hy­ry­my­za go­ýul­ýan be­lent sar­pa­ny da­ba­ra­lan­dyrdy. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän şan­ly ýy­ly­myz — «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­guly Py­ra­gy» ýy­ly bu gün aja­ýyp wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Şan­ly ýy­ly­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän çä­re­le­r her bi­ri­mi­ze şat­lyk we be­genç duý­gu­la­ryny ba­gyş­la­ýar.

Giňişleýin
TELEKEÇILIK ULGAMYNYN ROWAÇLYKLARY

12.09.2024

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Giňişleýin
TEBIGAT — BIZIŇ ÖÝÜMIZ

10.09.2024

Ekologiýa abadançylygy Esa­sy­ Ka­nu­ny­my­zyň­ 53-nji ­mad­dasyn­da­ «Her­ bir ­adam ­te­bi­ga­ty ­go­ra­maga, ­ daş­ky ­gur­şa­wa we­ te­bi­gy ­baý­lyk­la­ra aýaw­ly­ çe­me­leş­mä­ge ­borç­lu­dyr»­ diý­lip bel­le­nil­ýär. ­He­re­ket ­ed­ýän­ ka­nun­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň ­daş­ky ­gur­şa­wy ­go­ra­mak bo­ýun­ça ­hal­ka­ra­ yla­la­şyk­la­ra ­we ­mak­satna­ma­la­ra ­go­şul­ma­gy­ny, ­şeý­le­ hem ­olar­da göz ­öňün­de ­tu­tu­lan­ düz­gün­na­ma­la­ry ber­jaý ­et­me­gi­ni ­ýe­ter­lik ­hu­kuk ­müm­kin­çili­gi ­bi­len ­üp­jün­ ed­ýär. ­Mu­nuň­ üçin ­ze­rur bo­lan­ hu­kuk,­ gu­ra­ma­çy­lyk, ­yk­dy­sa­dy­ we dur­muş ­şert­le­ri ­dö­re­di­len­dir.

Giňişleýin
SPORT: PARAHATÇYLYGY, DOSTLUGY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

08.09.2024

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly, jebisleşdiriji güýje öwrüldi.

Giňişleýin
SARPASY SYNMAZ PYRAGY

06.09.2024

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, birnäçe döwletlerde şahyryň ýadygärliginiň döredilmegi, medeni maksatnama esasynda dürli ugurly çäreleriň guralmagy türkmeniň söz ussadynyň kämil döredijiliginiň we şahsyýetiniň dünýä giňişli- ginde ykrar tapýandygyny görkezýär. Munuň özi akyldar şahyry bolan merdana türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna we sungatyna goşan ägirt uly goşandynyň güwäsidir. Türkmeniň adyny beýgelden şahyr, filosof, akyldar Pyragynyň umumadamzat medeniýetiniň, edebiýatynyň we ruhyýetiniň parlak ýyldyzy hasaplanýandygynyň nyşanydyr.

Giňişleýin
ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN TUTUMLAR

04.09.2024

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünlik­lere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
RAÝATLARYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ HUKUKLARY

02.09.2024

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir.

Giňişleýin
RAÝATLARYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY

31.08.2024

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­jesin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy kuw­wat­la­nyp, ra­ýat­la­ry­my­zyň ýaşa­ýyş şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­ýar. Döw­le­ti­miz­de ka­bul edil­ýän il­ýurt bäh­bit­li ka­rar­lar, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, raýat­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär.

Giňişleýin
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN

29.08.2024

Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi.

Giňişleýin