Metbugat neşirleri
BITARAPLYK — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY
14.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy, hormatly Belent Ser kerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen ýurdumyz döwrebap özgertmelere eýe bolýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylygy, ösüşi berkitmek ugrundaky tagallalaryň uly ykrara eýe bolýandygyny şöhlelendirýär.
Giňişleýin
BAGTYÝAR GELJEGIMIZIŇ EÝELERI
10.04.2025
Şeýle çäreleriň biri hem Arkadag şäheriniň 1nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumyndaArkadag şäheriniňhukuk goraýjy edaralarynyň hemde Türkmenistanyň Magtymguly adyndakyÝaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ruhy we beden taýdan sagdyn nesiller — bagtyýar geljegimiziň eýeleri» atly şygar astynda geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine «akylly» şäheriň bilim işgärleriwe mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Giňişleýin
ARASSA AHLAKLY NESIL — JEMGYÝETIŇ ÝARAŞYGY
06.04.2025
Ata-babalarymyz ahlak kadalaryny ilkinji orunda goýup, öz nesilleriniň ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar. Bu ýörelgäniň dowamat-dowamdygyny şu günki nesillerimiziň edep-ekramynda, milliligini gorap saklaýşynda, birek-birege bolan sylag-hormatynda görmek bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekliginde bolsa maşgalanyň täsiri uly bolup durýar.
Giňişleýin
AGZYBIRLIK — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
02.04.2025
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasat dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özboluşly nusgawy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem, zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary üçin hem örän ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana baky Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.
Giňişleýin
WATANSÖÝÜJILIGIŇ ASYL NUSGASY
28.03.2025
Watany söýmek, ony goramak duýgusy halkyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň kepilidir. Watançylyk türkmen halkyna gan bilen, ene mähri, ata göreldesi bilen siňip, arkama-arka geçip gelýän belent duýgudyr. Bu duýgy adamyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär, ata, ene, ojak, maşgala, perzent ýaly mukaddesliklere imrindirýär. Bu dünýägaraýyş hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýen buýsançly sözler arkaly şöhlelenýär.
Giňişleýin
HALAL ZÄHMETIŇ HÖZIRI
24.03.2025
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýet we durmuş ulgamlaryny döwrebap özgertmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatda döwlet syýasatynyň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli, şol sanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hem 10 göterim ýokarlandyrylmagy ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadançylygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Giňişleýin
GALKYNYŞYŇ SENASY
21.03.2025
Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygy, ýurdumyzyň raýatlary bilen bir hatarda, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada aýdanlary halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi.
Giňişleýin
BUÝSANJYMYZ, ŞÖHRATYMYZ, ŞANYMYZ
18.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde ýetilýän belent sepgitler halkara ykrarnama eýe boldy. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk etmekde, ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam etmekde, sebitde we tutuş dünýäde bar bolan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gatnaşmakda toplanan tejribe ýurdumyzyň halkara bileleşikde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Giňişleýin
BITARAPLYK — DÜNÝÄ DOLAN MERTEBE
15.03.2025
Sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy berkarar Diýarymyzyň daşary syýasat ugrunyň häsiýetli aýratynlygydyr. Onuň çuňňur mazmuny hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinde mynasyp beýanyny tapýar. Iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi ata Watanymyzy dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän ýurt hökmünde tanatdy.
Giňişleýin
BAGTYÝARLYGYŇ MIZEMEZ ÝOLY BILEN
12.03.2025
Belent sepgitlerden täze nurana hem arzyly menzillere tarap batly gadamlar bilen ynamly barýan berkarar döwletimiziň her güni uly üstünliklere, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Dünýäniň nazaryny hem ünsüni özünde jemleýän belent sepgitleri köp pudakly hem milli öwüşginli halk hojalygynyň ähli ugurlarynda görmek bolýar.
Giňişleýin
ADAM HUKUKLARY
08.03.2025
Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda milli kanunçylykhukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy kabul edildi, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kabul edilen kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigi bilen ähmiýetlidir. Milli kanunçylygymyzyň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de, onuň kadalarynyň aglabasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny belleýän kadalardygydyr.
Giňişleýin
YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI HALKLARY ÝAKYNLAŞDYRÝAR
05.03.2025
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamak, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmek babatda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň orny öň hatardadyr. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýerilip, goňşy ýurtlara ugradylýan ynsanperwerlik kömeklerini munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezip bileris. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolup durýar.
Giňişleýin
WETERAN BILEN DUŞUŞYK
02.03.2025
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýen ganatly sözleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda mertleriň mertebesiniň has-da belende göterilýän eýýamy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň prokuraturasynyň guramagynda uruş weterany, prokuratura edaralarynyň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda halal hem-de tutanýerli zähmet çeken, bir asyry arka atan Köşek Sultanmyradow bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk halypa-şägirtlik mekdebiniň, gahryman pederleriň geçen durmuş ýolunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleriniň ýörelgesine öwrülendiginiň aýdyň nyşany boldy.
Giňişleýin
WATANA GULLUK — MUKADDES BORÇ, BELENT MERTEBE
27.02.2025
Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza ak ýürekden gulluk edýän ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hatarynda, biz — prokuratura edaralarynyň işgärleri hem mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmegi belent mertebe, mukaddes borç hasaplaýarys.
Giňişleýin
WATAN GORAGÇYLARYNYŇ BELENT SARPASY
24.02.2025
Berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde toýlar toýa ulaşýar. Maňa-da Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni döwletimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläk-de jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmekde mynasyp goşant goşmaga borçlandyrýar.
Giňişleýin