Metbugat neşirleri
MUKADDES BORJUŇ BELENTLIGINDE
21.02.2025
Welaýatymyzyň prokuratura işgärleri hem Watan goragçylarynyň gününi uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda asuda jemgyýetimiziň goragynda durmak biziň üçin belent mertebedir.
Döwrebaplyk we borja ygrarlylyk — alyp barýan işlerimiziň özenini düzýän sütünler. Bu babatda biz her bir pursatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz goldawlaryny duýup ýaşaýarys we işleýäris. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň her bir mejlisinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde hem belent wezipeleri goýýar. Biz öz işlerimizi şol wezipelerden ugur alyp, durmuşa geçirýäris.
Giňişleýin
MUKADDES BORÇ
18.02.2025
Gysga taryhy döwürde milli goşunymyzyň dürli kysymlary hemmetaraplaýyn kämilleşdirildi. Muny ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan oňyn harby syýasaty, şeýle-de harby gullukçylar üçin döredilýän şertleriň, amatlyklaryň barha giň gerim alýandygy bilen düşündirse bolar. Döwrümize şan getirjek ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa Watan goragçylarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Giňişleýin
KITAPLAR IÇINDE BIR KITAP GÖRDÜM
14.02.2025
Türkmen halky öz pähim-paýhasy bilen taryhda ebedilik yz galdyran beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýmagyň, olaryň at-owazasyny dün ýä ýaýmagyň, şan-şöhratyny has-da beýgeltmegiň nusgasyny görkezip gelýän halkdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tutuş dowamynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dürli dabaralaryň mysalynda-da bu hakykat öz aýdyň beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi hem bu ajaýyp hakykatyň ýene bir güwäsine öwrüldi.
Giňişleýin
DÖWRÜŇ DERWAÝYS GÖRKEZIJISI
12.02.2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakynda alada hiç wagt ünsden düşürilmeýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gün-günden gowulanmagy bolsa onuň aýdyň mysalydyr. Esasy Kanunymyzda hem: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýlip bellenilýär. Hut şondan ugur alnyp, ýurdumyzda zähmetsöýer halkyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän zamana öwrülýär.
Giňişleýin
ADMINISTRATIW HUKUGYNYŇ KADALARY
10.02.2025
Hukugyň beýleki islendik pudaklarynda bolşy ýaly, administratiw hukugy hem düzgünleşdiriş, serenjam beriş we goraýyş wezipelerini ýerine ýetirýär. Şonuň bilen birlikde, ýene-de bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem administratiw hukugynyň hukugyň beýleki pudaklarynyň kadalaryny we düzgünlerini durmuşa geçirmegiň mehanizmini özünde jemleýänligindedir. Başgaça aýdylanda, administratiw hukugynyň kadalary hukugyň beýleki pudaklarynyň kadalarynyň amala aşyrylýan ýeri bilen özboluşly infrastrukturany emele getirýär we administratiw hukugynyň wezipelerini düzgünleşdiriji aýratynlyk bolup durýar.
Giňişleýin
KANUNYLYGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM SERIŞDESI
05.02.2025
Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, her bir gününi üstünlikler bilen garşy alýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ähli oňyn işler we özgertmeler mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna gönükdirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işler öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Kanunylygyň durmuş maksady bolsa milli jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny berkitmäge we ösdürmäge ýardam bermekdir, demokratiýanyň dabaralanmagydyr. Kanunylyk döwletde hukuk kadalarynyň takyk, gyşarnyksyz, birmeňzeş berjaý edilmeginden ybarat bolan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ýörelgesini aňladýar. Şonuň üçin ol fiziki şahslaryň hereketleriniň we ýuridik şahslaryň işleriniň, şeýle-de hukugyň subýektleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň kanunylygyny üpjün etmegiň guraly bolup çykyş edýär.
Giňişleýin
BEÝIK ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY
01.02.2025
Ýakynda tamamlanan, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şygaryndan äşgär bolşy ýaly, Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramy taryhy waka boldy. Şu möhüm waka bilen bagly ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilen duşuşyklar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýubileýi türkmen ilinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Giňişleýin
ÝURDUMYZYŇ YLYM ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
28.01.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň ykdysady ösüşine işjeň goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym we tehnologiýa babatdaky üstünlikler, bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletiniň ykdysady strategiýasynda ylym we tehnologiýa babatdaky ösüşler guwandyryjydyr. Türkmen alymlarynyň halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlara gatnaşmagy, döwrebap ylmy-barlaglaryň geçirilmegi we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň ösüşinde esasy orun eýeleýär. Bu bolsa täze belentliklere çykmaga itergi berýär.
Giňişleýin
TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BUÝSANJY
24.01.2025
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek ýyllarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak döwletimiziň baş maksady bolup durýar. Bu ugurda döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasynda ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklary dünýä dolýar.
Giňişleýin
HUKUK MEDENIÝETI — DÖWRÜŇ TALABY
20.01.2025
Raýat jemgyýetimizde kämil kanunlarymyzy raýatlara düşündirmek prokuratura edaralarynyň işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle wezipäniň maksadam raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçinem bu işe hemişe uly üns berlip, onuň oňyn çözgüdini gazanmak ugrunda degerli işler ýola goýulýar.
Giňişleýin
GÖTERILDI OL YKBALY TÜRKMENIŇ
16.01.2025
Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyrydyr. Beýik akyldaryň miras galdyran her bir setiri, her bir bendi tutuşlygyna nesihatdyr, durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda, şanşöhratyny hasda belende götermekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeniseýilgäh toplumynyň açylmagy, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň dünýäniň çar künjeginde biri birine ulaşmagy oňa goýulýan belent hormatsarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Giňişleýin
DÜNÝÄNIŇ TOÝUNA ÖWRÜLEN SENE
12.01.2025
Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni seýilgäh toplumynyň açylmagyny 2024nji ýylyň taryhy wakalarynyň hatarynda buýsanç bilen görkezip bileris.
Giňişleýin
ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI
09.01.2025
Her bir döwletiň özüniň milli baýramçylygy hökmünde taryhyna giren seneleri bolýar. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni hem ýatdan çykmajak seneleriň biri bolup, şanly taryhymyzyň şöhratly ýyly boldy. Mundan 29 ýyl ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine ýetdi. Şol wagt dünýäde çylşyrymly syýasy wakalaryň höküm sürýändi gine garama zdan, biziň döwletimiz iň uly we hormatly derejä mynasyp bolmak bilen, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan we onuň şol wagtky düzümine girýän 185 döwletiň ykrar etmeginde Bitarap döwlet boldy. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hemde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
Giňişleýin
BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY
06.01.2025
Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir.
Giňişleýin
KÄMIL KANUNLAR — ÖSÜŞLERE BINÝAT
04.01.2025
Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.
Giňişleýin