Metbugat neşirleri
«MAGTYMGULY» DIÝIP ADYM TUTSALAR
02.01.2025
Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär.
Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE MAGTYMGULYNYŇ DÖWLETLILIK GARAÝYŞLARY
30.12.2024
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünleri we halk häkimi ýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar.
Giňişleýin
MIRASY KABUL ETMEGIŇ TERTIBI
28.12.2024
Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilişi ýaly, mirasdar tarapyndan mirasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça notarial edarasyna mirasy kabul etmek hakynda arza berilmeli. Şonda miras kabul edilen hasaplanylýar. Şonuň ýaly hem mirasdaryň hakykat ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmegi onuň mirasy kabul edendigine, gürrüňsiz, şaýatlyk edýär. Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanylýar. Eger mirasdar laryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň kabul edilmegi hasaplanylýar.
Giňişleýin
DURMUŞ GORAGLYLYGYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY
26.12.2024
Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milliligimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip belleýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi.
Giňişleýin
HATYRALY HALYPA
24.12.2024
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýaşaýan Köşek Soltanmyradow geçen urşuň agyrkyn çylyklaryny egninde çeken, şeýle hem iň ýaşuly hukuk goraýjy adam hökmünde tanalýar. Halypa hukuk goraýjy tizara özüniň 100 ýaşynyň toýuny toýlaýar.
Boldumsaz etrabynyň Bereketli geňeşliginde önüp-ösen Köşek aga 18 ýaşyny dolduran badyna, meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Ilkinji harby taýýarlygy geçip, aňtawçy radiotelefonist (razwedkaçy) hünärini ele alýar. 3-nji Ukrain frontunyň 62-nji diwiziýasynyň düzüminde razwedkaçy bolup söweşe girýär.
Giňişleýin
KANUNÇYLYK NAMALARYNYŇ MILLI ÝÖRELGELERI
22.12.2024
Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň şuglasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir döwletli tutumynda şöhlelenýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy hem-de döwletimiziň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda aýdyldy.
Giňişleýin
ÝERLERI KÄRENDESINE BERMEGIŇ HUKUK ESASLARY
20.12.2024
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy il-ýurt bähbitli, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ösdürilýär. Türkmenistanda kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän hem-de kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar.
Ýerden peýdalanmak, kärendesine bermek hukuklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýer kodeksi, şeýle hem «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk namalary bilen kadalaşdyrylýar.
Giňişleýin
BAGTA BADALGA ÝOLLAR
18.12.2024
Gurmak, döretmek, ýolçekmek ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgedir, sogap işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes ýörelge dünýä nusga alarlyk derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap röwüşde döwrebap desgalar bilen gaýtadan dikeldýär.
Giňişleýin
WATAN WASPYN SÖZLÄN ŞAHYR
16.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, gahrymanlyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, halallyk, ruhubelentlik bilen bagly paýhaslar içinden eriş-argaç bolup geçen şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol goşgular biziň üçin ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.
Şahyr watançylyk temasyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz», «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly ençeme goşgulary döredipdir.
Giňişleýin
TÜRKMEN RUHUNYŇ ÇYRAGY
14.12.2024
Üstümizdäki ýyl Gündogaryň akyldary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly senesi bilen bagly dabaraly wakalara beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýylymyz il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyrymyzyň sylag-sarpasynyň waspy dünýä dolýar.
Giňişleýin
MUZEÝ IŞINIŇ HUKUK BINÝADY
12.12.2024
Medeni mirasymyza sarpa goýmak we ony gorap saklamak nukdaýnazaryndan, bu ugry kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Olaryň biri hem «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol ýurdumyzda muzeý işi babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, tebigy ýadygärlikleri, maddy we ruhy medeniýeti, muzeý edaralarynyň işini ylmy taýdan üpjün etmegiň, öwrenmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň hukuk, ykdysady, social ýörelgelerini belleýär.
Giňişleýin
MALDARÇYLYKDA TOHUMÇYLYK IŞI
10.12.2024
Ýurdumyzda mallaryň genofonduny aýap saklamaga we artdyrmaga, olaryň önüm berijilik hilini üznüksiz ýokarlandyrmaga hem de gowulandyrmaga gönükdirilen «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu pudagyň tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen birlikde, tohum maldarçylygy babatda işleýän döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işini düzgünleşdirýär.
Giňişleýin
LEBZI HALALLYK — YNSANYŇ BEZEGI
08.12.2024
Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň gözbaşydyr. Ynsan durmuşynda terbiýäniň we oňat gylykhäsiýetleriň esasy halallykda jemlenýär.
Lebzi halallyk, beren sözüňde tapylmaklyk, birinden diläp alan zadyňy ynjytman, yzyna gaýtaryp bermeklik türkmen halkynyň öňden gelýän ýolýörelgesidir. Emma durmuşda kähalatlarda karzyna alan puluny, wagtlaýyn ulanmaga alan emlägini sagbolsuny, taňryýalkasyny bilen yzyna gaýtarmakda ejizlik edip, milli ýörelgelerimize ters gelýän hereketleri edýänler hem tapylýar. Elbetde, bu bir durmuş, adamlar ynama arka daýanyp, biribirinden karzyna pulam almaly bolar, emlägi wagtlaýyn ulanyp hem biler, ýöne olar biribirlerini ynjytmaly däldir.
Giňişleýin
KANUNLAR DÖWREBAP KÄMILLEŞDIRILÝÄR
06.12.2024
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgeleri we kepillikleri, möhletleri, önümçiligiň başynda Kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, Kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr.
Giňişleýin
DÖWLETLILIK TAGLYMATY
04.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de bir meňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar.
Giňişleýin