Metbugat neşirleri                                            
                                                            
                        
                            KANUNÇYLYK NAMALARDA MILLI ÝÖRELGELER
                        
                        
                            07.01.2022
                        
                        
                            Jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn kämil ösüşinde esasy wezipe onuň kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil bolmagydyr. Kanunlaryň kämil bolmagyny gazanmak üçin olarda raýatlaryň erk-islegi beýan edilip, halkyň aňyýetini, medeniýetini we däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli ýörelgeler göz öňünde tutulýar. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar döwletimiziň gurluşynda esasy ýörelgedir.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            04.01.2022
                        
                        
                            — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi, etrap polisiýa bölümi, etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanja garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleri barada söz açylyp, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ynsan saglygy we olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!
                        
                        
                            31.12.2021
                        
                        
                            Haçan-da, söýgi kalbyňda ýandyryjy ataş ýaly güýçli, garly daglar ýaly elýetmez, Garagum sährasy ýaly uç-gyraksyz, däli deňizler ýaly ümmülmez bolanda, ony söz bilen beýan edip, göz bilen görüp bolmaýar. Şeýle beýik hem mukaddes söýgini diňe ýüregiň bilen duýup bolýar. Göbek ganyň daman mukaddes topragyna, Watanyna bolan söýgi-de her bir türkmen üçin şeýle keramatly, belent, taýsyz we beýanyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gudratly duýgudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli türkmen halkyna, ýaşlara atalyk pendi hökmünde sargan: «Ata Watanyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan mert, edermen, lebzi halal, gujur-gaýratly ogul-gyzlardygyňyzy, Oguz han Türkmeniň, Görogly beg Türkmeniň, Çagry beg Türkmeniň, Togrul beg Türkmeniň, Alp Arslan Türkmeniň, Soltan Sanjar Türkmeniň, Keýmir serdaryň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýen keramatly sözleri bolsa şu günki ýaşlar üçin ýörelge sözleri bolup durýar.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            UMUMADAMZAT GYMMATLYGY
                        
                        
                            29.12.2021
                        
                        
                            Küştdepdi halkymyzyň gadymdan gelýän milli sungatynyň özboluşly nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen milli sungatymyz bolan «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            27.12.2021
                        
                        
                            — Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 2-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek hakynda» Karara gol çekdi.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            25.12.2021
                        
                        
                            — Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan halkara hukugynyň ýörelgelerine eýermek bilen, milli gymmatlyklarymyza esaslanýan hukuk ulgamyny kemala getirdi. Biz bu gün Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapandygynyň şaýady bolýarys.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            23.12.2021
                        
                        
                            — Ýakynda Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, täze enjamlar bilen üpjün edilen 100 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasynyň, şeýle-de Magtymguly etrabynda köpugurly 50 orunlyk hassahananyň we 30 orunlyk saglyk öýüniň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminiň üsti ýetirildi.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            SANLY ULGAMYŇ KANUNY MÜMKINÇILIKLERI
                        
                        
                            22.12.2021
                        
                        
                            Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Döwrüň ösmegi bilen täze jemgyýetçilik gatnaşyklary ýüze çykýar. Islendik ugurda tutumly işler amala aşyrylanda onuň kadalaşdyryjy esaslarynyň bolmagy anyk netijeleri kepillendirýär. Şu jähetden, ýurdumyzda täze kanunlar kabul edilip, hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär.
Şeýle kanunlaryň biri hem 2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda kabul edilen «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanun poçta aragatnaşygy çygryndaky işiň hukuk esasyny belleýär, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň hem-de poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            ROWAÇLYGA TARAP ÝOL
                        
                        
                            20.12.2021
                        
                        
                            Halkara hukugynda bar bolan kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, möhleti boýunça — çäklendirilmedik bolup, dartgynlylyk döwründe hem, asuda döwürde hem hereket edýär. Bitaraplygymyzyň 26 ýyly diňe türkmen döwletiniň daşary syýasy durmuş ukyplylygyna baha bermäge, saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna düşünmegi däl-de, eýsem, «Türkmenistanyň Bitaraplygy» diýen derejäniň mazmunynyň çuňlugyny beýan edýär. «Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bitaraplyk instituty döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygynyň goralmagyna we has-da berkidilmegine ýardam edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň içeri we daşary syýasatynda üýtgewsiz we takyk kybap gelmeginiň kepili bolup çykyş edýär.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            17.12.2021
                        
                        
                            — Milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, çuňňur öwrenmek we ony ösen zamanamyzyň döwrebap öwüşginleri bilen baýlaşdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Belent 
Serkerdebaşymyzyň  2-nji dekabrda geçiren    Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi hem muny doly aýan etdi. Mejlisde milli Liderimize  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýeri gelende bellesek, türkmen alabaýlaryny serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük hem-de migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanmak ýola goýuldy. Munuň özi Milli goşunymyzyň söweşjeň ruhuny göterýän milli öwüşgindir.
Taýsyz tagallalary bilen Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe  rowaç bolsun!
Saparmyrat KUJUKBAÝEW, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            14.12.2021
                        
                        
                            — Türkmeniň täze eýýamynyň milli senenamasynda halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun alan iki sany şöhratly hem buýsançly sene bar. Olaryň birinjisi, 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkymyzyň berkarar döwletli bolup, ýurt Garaşsyzlygyny gazanan güni, ikinjisi bolsa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan günüdir. Ýurdumyz dünýäde hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. 
Gojaman Jeýhun derýasy bilen bahry-Hazar aralygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýagdaýda, ýagny Aziýa bilen Ýewropa yklymynyň çatrygynda ýerleşmegi döwletimiziň Gündogar bilen Günbatar arasynda, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa sebitinde oňyn parahatsöýüjilik syýasatyny alyp barmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. 
Türkmen Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Magtymguly ÇERREÝEW, Gubadag etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            SAGDYNLYGYŇ MEKANY
                        
                        
                            09.12.2021
                        
                        
                            Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ilata düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň bilim bölüminiň, hassahanasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 17-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» atly şygar bilen düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
                        
                        
                            07.12.2021
                        
                        
                            — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy düýpli kämilleşdirildi. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanunlara seredilip, olar boýunça degişli kararlaryň kabul edilendigini görkezmek bolar.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            AGZYBIRLIGIŇ MEKANY
                        
                        
                            06.12.2021
                        
                        
                            Watana bolan söýgi iň beýik we iň kämil söýgüdir. Bu hakykat taryhyň bäş müň ýyldan hem gowrak menzilini geçen halkymyzyň milli häsiýetine öwrülipdir. Watanyny söýen, sarpalan gerçekler il-gün tarapyndan örän ýokary derejede hormatlanylypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary ýurt taglymatyna öwrülip, ynsan mertebesini dabaralandyrýar. Bu ajaýyp taglymat ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň ýörelgesine öwrülendir. Berkarar ýurdumyzda kanunlar hökmürowandyr. Hukuk döwletimizde ýaşaýan raýatlaryň azatlygy we erkinligi kanunlar esasynda goralýandyr.
                        
                        
                            Giňişleýin                        
                     
                                                            
                        
                            MAŞGALAM — BAŞ GALAM
                        
                        
                            04.12.2021
                        
                        
                            Biziň döwletimiz ynsan mertebesini ähli zatdan ileri tutýan kuwwatly döwletdir. Döwletimizde adam ykbalyna sähelçe-de biparh garalmaýar. Bu alada her bir raýatyň rahat ömür sürüp we erkin zähmet çekip bilmegine gönükdirilen adyl kanunlarymyz arkaly kepillendirilip, garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet tarapyndan birnäçe täze maksatnamalar, kada-kanunlar kabul edildi. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Türkmenistanyň Raýat kodeksini we beýlekileri görkezmek bolar. Şu ýylyň 13-nji noýabrynda hem «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
                        
                        
                            Giňişleýin