HUKUK ADALGALARY

24.07.2025

      Her bir döwletli tutumlarynda ylmy we kanuny esaslara daýanýan ýurdumyzda kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilişine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda, has takygy, 29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. 

     Mejlisiň dowamynda häzirki wagt da Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik gatnaşyklary, wirtu al aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýändigi, şol bir wagtda, abraýly halkara gurama lar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigi barada giňişleýin durlup geçildi. 

     Hormatly Prezidentimiziň kanunçylyk ulgamyny yzygider kämilleşdirmek ýörelgesini nazara alyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk düşünjelerini baýlaşdyrmak maksady bilen, «Adalat» gazetiniň okyjylaryna bu babatda käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik: Hukuk — döwlet häkimiýeti tarapyndan bellenilýän we goralýan, jemgyýetde adamlaryň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryň we düzgünleriň jemini öwrenýän ylymdyr. 

     Hukuk döwleti — hukugyň, kanunyň agalyk etmegi yglan edilen döwlet. Döwlet öz işinde kanunlar we kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan hukuk ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr we ol onuň bellän çäginden çykmaly däldir. 

     Hukuk kadasy — döwlet tarapyndan kesgitlenilen, tassyklanylan we mejbur ediji güýç bilen üpjün edilýän özüňi alyp barmagyň düzgüni ybarat bolan ýuridik kada. Ol döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, wezipeli adamlaryň, raýatlaryň özara gatnaşyklaryny kada salýar. 

     Hukuk tertibi — hukuk kadalary bilen berkidilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň tertibi; jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň esasy bölekleriniň biri. 

    «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Kadalaşdyryjy hukuk nama — döwletiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kabul edilýän resmi hem-de ýazmaça görnüşindäki ýuridik nama; hukuk kadalaryny belleýär ýa-da ýatyrýar; Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamasy, munuň özi ygtyýarly döwlet edarasy, wezipeli adam tarapyndan ýa-da sala salşyk arkaly kabul edilen, hemmelere hökmany bolan häsiýetli görkezmeleri özünde saklaýan, hukuk kadalaryny belleýän, üýtgedýän ýa-da ýatyrýan resmi resminamadyr» diýlip bellenilendir. 

    Aýratyn hukuk — hukuk eýesiniň öz islegi boýunça başga şahslara intellektual işiň netijesini ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesini ulanmaga rugsat berip ýa-da ony gadagan edip biler. Gadagan edilmezlik razylyk (rugsat bermeklik) hasap edilmeýär. Intellektual işiň netijesine ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesine bolan aýratyn hukuga fiziki ýa-da ýuridik şahs (hu kuk eýesi) şeýle netijäni we şeýle serişdäni öz islegine görä kanuna ters gelmeýän islendik usul bilen peýdalanmaga haklydyr. 

    Adam hukuklary — şahsyýetiň demokratik we ynsanperwer hukuk ýagdaýynyň derejesiniň düýpli esaslaryny, onuň beýleki adamlar, jemgyýet we döwlet bilen özara gatnaşyklaryny kesgitleýän durmuş-syýasy, ykdysady we beýleki kadalarynyň jemi; her bir adamyň milletine, ýaşaýan ýerine, jynsyna, jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişlidigine, teniniň reňkine, dinine, diline ýa-da islendik beýleki alamatlaryna garamazdan, mizemez hukuklary. Adam hukuklary umumylyk we mizemezlik, özara baglylyk we bölünmezlik, deňlik we kemsidilmezlik, hasabatlylyk we hukugyň hökmürowanlygy ýörelgelerine esaslanýar. 

    Adamyň esasy hukuklary — aýratyn ähmiýetli bolup durýan adam hukuklary, ola ry çäklendirmek bolmaýar. 1966-njy ýylyň 16-njy dekabrynda kabul edilen Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygy «Döwletde adatdan daşary ýagdaý bolup, ol maha ly milletiň jany howp astynda bolanda», şu Ylalaşyk boýunça borçnamalaryndan çykmak görnüşinde çäreleri bölekleýin kabul etmäge rugsat berýär, ýöne haýsydyr bir yza gaýtmalary gadagan edýändigini belleýär. 

    Hukuk bozulmasy — hukuk kadalaryna ters gelýän we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna zy ýan ýetirýän ýagdaýda özüňi alyp barmak ýa-da hereket ýa-da hereketsizlikdir diýlip düşündirilýär. Hukuk bozulmasynyň has howply görnüşi, ýokary derejede jemgyýete howp salýan görnüşi jenaýatdyr. Hukuk bozulmasynyň: administratiw, konstitusion, halkara, salgyt, ekologik we beýleki görnüşleri bardyr. 

     Hukuk ukyby: 1) fiziki şahslaryň hemmesi üçin deň derejede ykrar edilýän hukuklara we borçlara eýe bolmak ukyby (raýat-hukuk ukyby). Fiziki şahsyň hukuk ukyby onuň doglan pursadynda ýüze çykýar we onuň aradan çykmagy bilen gutarýar. Mirasdar bolmak ukyby onuň enesiniň göwresinde galan pursadyn da ýüze çykýar: şol hukugy amala aşyrmak bolsa mirasdaryň dogulmagyna bagly. 2) ýuridik şahsyň onuň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan, ýerine ýetirýän işleriniň maksadyna laýyk gelýän, hukuklaryň we jogapkärçilikleriniň göterijisi bolmak we şunuň bilen bagly jogapkärçiligi çekmek ukyby. 

     Hukuk ulgamy — milli hukugyň özüniň ugry we jemgyýetçilik durmuşyndaky wezipesi boýunça hukuk pudaklary we institutlary diýlip atlandyrylýan aýry-aýry bölekleri üçin ylalaşykly kadalarynyň gurluşy. 

     Hukuk ediniş wagt möhleti — belli bir wagtyň geçmegi bilen emlägiň eýeleri bolmadyk fiziki ýa-da ýuridik şahsyň emläge eýeçilik hukugyny alýandygy hakynda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulýan möhlet. 

     Ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny kanunlar esasynda goramak babatda amala aşyrylýan döwletli işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Agamyrat ABDYLLAÝEW, Boldumsaz etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.