12.09.2025
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi özygtyýarly, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmek ýoluna düşen türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm sepgidi alamatlandyrdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini, dünýä tejribesiniň iň oňyn gazananlaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik hem-de döwlet gurluşyny kesgitledi, iň gymmatly baýlyk hökmünde adamy, onuň bagtyýarlygyny, abadançylygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik parasady, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Döwlet baýdagymyz Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, bagtyýar döwrümizi hem-de beýik geljegimizi, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.
Döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip belleýär. Bu sözler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giň hem çuňňur many-mazmuny bilen utgaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsançly hakykatyny özünde jemleýär. Şu nukdaýnazardan, nesillerde milli gymmatlyklarymyza, şol sanda döwlet nyşanlaryna belent hormat-sarpany, söýgini terbiýelemek, watansöýüjilik duýgusyny kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biridir.
Esasy Kanuna we döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi konstitusion özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Olar eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goragynyň kepilliklerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu işleriň netijesinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki möhüm resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleri giňeldilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen şu ýylymyz bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilýän şu ýylymyzyň her bir güni göwünlerimizi joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara hem-de toý-baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy, BMG-niň Baş sekretarynyň bu resminamany dolulygyna makullamagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, BMG-niň Tertipnamasyndan, Esasy Kanunymyzdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesi esasy çelgi bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berk binýadyny emele getirýän goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni gutly bolsun! Goý, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.